«Älem» Medeni Dynç Alyş Merkezi (türkmençe: «Älem» medeni dynç alyş merkezi), Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň iň meşhur we özboluşly binalarynyň biridir. Ol diňe bir dynç alyş künjegi bolman, eýsem, türkmen binagärliginiň häzirki zaman ýörelgelerini görkezýän nyşandyr. Bina 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylÿar.
«Älem» merkezini dünýä belli eden esasy aýratynlyk — onuň binasynyň içinde ýerleşdirilen Ýapyk görnüşli iň beýik aýlanýan tigir (Ferris Wheel) bolup, bu 2012-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar Kitabyna girizildi.Aýratynlyk Ölçeg BelligiBinaň umumy beýikligi 95 metr Binanyň iň beýik nokadydyr.Dekoratiw spiral bölegi 17 metr Binanyň ýokarsyndaky bezelgi.
Aýlanýan tigriň diametri 57 metr Tigriň daşky tegeleginiň ölçegi.Aýlanýan tigir (Dönme Dolap)tutuşlygyna şäheriň gözelligini gyşyna-da, tomusyna-da, islendik howa şertinde synlamaga mümkinçilik berýän aýna (örtük) bilen gabsalandyr.
«Älem» Medeni Dynç Alyş Merkezi özüniň üýtgeşik gurluşy bilen tapawutlanýar.
Merkeziň umumy beýikligi 95 metr bolup, esasy binasy dört gat ýerüsti we iki gat ýerasty böleklerden ybarat. Binanyň esasy görnüşi Türkmenistanyň Döwlet Tugrasyndaky sekizburçlugy ýa-da Oguzhanyň ýyldyzyny ýatladýan binagärlik elementlerine eýedir. Bu görnüş gurluşyň wizuwal taýdan durnukly we milli ruhdadygyny görkezýär.«Älem» merkezi diňe bir binagärlik nyşany däl, eýsem, raýatlar we syýahatçylar üçin köp dürli medeni-dynç alyş çärelerini hödürleýän toplumdyr.Merkezde dürli ýaşdaky çagalar we ulular üçin niýetlenen döwrebap oýun awtomatlary, attraksionlar we oýun meýdançalary bar.Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan üç ölçegli (3D) kinoteatr, tomaşaçylara täsin duýgulary başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Myhmanlar bu ýerde dynç alyp, milli we daşary ýurt aşhanalarynyň tagamlaryndan dadyp bilýärler.Çagalaryň wagtyny şadyýan we peýdaly geçirmegi üçin ýörite zolaklar döredilipdir.
Netijede, «Älem» Medeni Dynç Alyş Merkezi Türkmenistanyň döwrebap ösüşiniň, milli gymmatlyklar bilen häzirki zaman binagärliginiň sazlaşygynyň we Ginnesiň rekordyna giren täsinlikleriniň aýdyň mysalydyr. Ol Aşgabat şäheriniň wizuwal keşbinde möhüm orun eýeleýär we ähli myhmanlary üçin dynç alyşyň we göwün açmagyň esasy künjekleriniň biridir.
Allamyradowa Gülşirin
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby

RU












