Arkadag şäheri – bu diňe bir täze administratiw merkez däl, eýsem, “akylly şäher” (Smart City) konsepsiýasynyň, ekologik abadançylygyň we milli arhitektura däpleriniň utgaşmasyny görkezýän Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk innowasion taslamadyr. Bu ýerde her bir bina diňe bir gözelligi däl, eýsem, ýaşaýjylaryň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tehnologik çözgütleri hem özünde jemleýär.Arkadag şäheriniň arhitektura görnüşi, Türkmenistanyň ruhy we taryhy mirasyna uly hormat goýulýandygyny görkezýär, muny bolsa häzirki zaman gurluşyk tendensiýalary bilen utgaşdyrýar.
Aşgabatdaky ýaly, Arkadag şäheriniň hem binalarynyň köpüsi ak mermer bilen örtülendir. Bu mermer, arassaçylygy, asudalygy we türkmen halkynyň döwletliligini alamatlandyrýan esasy reňk elementidir.Binalaryň daşky görnüşinde we bezeginde türkmen halylarynyň, keşdeleriniň nagyşlary ýaly milli elementler we simwollar (mysal üçin, Oguz hanyň 8-gyraňly ýyldyzy) giňden ulanylypdyr. Bu, döwrebap binanyň içinde milli ruhy saklamaga ýardam edýär.
Şäher Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýändigi sebäpli, binalaryň taslamalarynda tebigy peýzaža goşulyşmak, giň bulwaralar, ýaşyl zolaklar we binalaryň arasynda ýeterlik giňlik göz öňünde tutulypdyr. Bu, binalaryň has monumentally we gözel görünmegine ýardam edýär.Arkadag şäheri, adaty şäher däl, eýsem, bütin durmuş üpjünçilik ulgamyna sanly we innowasion tehnologiýalary ornaşdyran “akylly şäherdir” (Smart City).Ýaşaýyş jaýlarynyň esasy aýratynlygy, olaryň “akylly öý” (Smart Home) tehnologiýalary bilen üpjün edilmegidir.
Jaý eýeleri smartfon ýa-da planşet arkaly öýdäki enjamlary (ýagtylandyryş, howanyň temperaturasyny, kondisioneri) uzak aralykdan dolandyryp bilýärler. Herekete duýgur (датчик движения) enjamlaryň kömegi bilen, otagda adam bolmadyk ýagdaýynda yşyklar we elektrik enjamlary awtomatiki söndürilýär. Bu, elektrik energiýasyny tygşytlamaga ýardam edýär.Ýaşaýyş jaýlary möwsümleýin temperatura laýyklykda öýüň içindäki temperaturany sazlaýan galyň we döwrebap ýylylyk izolýasiýa materiallary bilen gurlupdyr.
Şäheriň ýollarynda we köçelerinde hem täzeçil çözgütler ulanylýar.Ýol çatryklaryndaky “akylly svetoforlar” awtoulaglaryň akymynyň tizligine we dykyzlygyna baglylykda hereket wagtlaýyn sazlaýar, bu bolsa dykynlaryň öňüni almaga ýardam edýàr.Şäheriň içindäki jemgyýetçilik ulaglary diňe elektrik awtobuslardan we elektrotaksilerden ybarat bolup, howanyň arassalygyny üpjün edýär.Duralgalarda awtobuslaryň geljek wagty barada maglumat berýän sanly displeýler we boş ýerleri görkezýän “akylly parkowka” ulgamlary bar.
Arkadag şäheri “Ýaşyl şäher” (Green City) konsepsiýasynyň iň gowy nusgasydyr. Binalaryň taslamasynda ekologik täzeçillikler esasy orny eýeleýär.Binalaryň, köprüleriň we köçeleriň köpüsi Gün panelleri we ýel generatory ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen enjamlaşdyrylyp, energiýa sarp edilişini azaldýar.Ýagyş suwlaryny toplamak, arassalamak we ýaşyl meýdançalary suwarmak üçin gaýtadan ulanmak ulgamlary bar.Şäherde gurnalan “akylly” zibil gaplary sensorlar bilen üpjün edilip, gap dolanda merkezleýin gulluklara habar berýär. Bu bolsa zibili wagtynda we tygşytly ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Arkadag şäheriniň arhitekturasy we täzeçillikleri, geljekki şähergurluşyk üçin innowasion çözgütleriň we milli gymmatlyklaryň nädip birleşip biljekdigini görkezýän ajaýyp nusgadyr.
Aýmämedow Dörtguly
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby

RU












