Arkadag şäherinde gurlan, Görogly adyndaky Döwlet Atçylyk Sirki türkmen milli medeniýetiniň we ahalteke bedewlerine bolan çuňňur söýginiň aýdyň beýanydyr. Binanyň daşky görnüşi, Türkmenistanyň milli buýsanjy bolan ahalteke atynyň nalyna meňzeş edilip gurlan bolsa, onuň içki bezegi we enjamlaşdyrylyşy hem iň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär we tomaşaçylar üçin unudylmaz pursatlary döretmäge niýetlenendir.

​ Sirkiň içki bezeginde türkmen milli sungatynyň we atçylyk däpleriniň öwüşginleri giňden ulanylýar. Bu, bezeg elementlerinde, ýagtylyk çözgütlerinde we uly zallaryň dizaýnynda aýdyň görünýär. Bezekde atçylyk tematikasy agdyklyk edýär, ahalteke bedewleriniň heýkelleri, suratlary we milli at esbaplarynyň nusgalary zalda we dabaraly eýwanlarda ýerleşdirilendir.Içki eýwanlar we geçelgeler açyk, dabaraly we ýagty reňklerde bezilip, tomaşaçylar üçin oňaýly we ruhlandyryjy atmosfera döredilýär.

Sirkiň esasy aýratynlygy onuň çykyşlar üçin niýetlenen tegelek meýdançasydyr (arena). Onuň diametri 13 metre barabardyr. Bu ululyk, atly sirk çykyşlaryny, şol sanda meşhur “Galkynyş” toparynyň milli at üstündäki oýunlaryny ýerine ýetirmek üçin iň amatly şertleri üpjün edýär.Tomaşa zaly ýokary derejede amatly we häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bolup, 1500 orna niýetlenendir. Orunlar gowy görüş burçuny üpjün edýän we tomaşaçylaryň sirkiň merkezine ünsüni jemleýän görnüşde ýerleşdirilendir.

Zal iň täze akustika ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan bolup, ses effeklerini we aýdym-sazlary ýokary hilli ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, çykyşlara öwüşgin berýän çylşyrymly we döwrebap ýagtylandyryş tehnologiýalary ulanylýar.

Sirk binasy diňe bir tomaşaçylar üçin däl, eýsem, atlara ideg etmek, olary saklamak we sirk artistleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri öz içine alýar. Bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar ulanylýar.Sirkiň içki desgalarynda ahalteke bedewlerini saklamak, olara weterinar ideg etmek we türgenleşikleri geçirmek üçin döwrebap athanalar, türgenleşik meýdançalary we beýleki ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.

​Görogly adyndaky Döwlet Atçylyk Sirki, Arkadag şäheriniň medeni durmuşynyň iň möhüm merkezleriniň biri bolup, türkmen atçylyk sungatyny dünýä derejesinde şöhratlandyrmaga gönükdirilen binagärlik we ojakdyr.

Meredowa Jemal

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby