2025-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda aýratyn şanly sene bolup, ýurduň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Bu döwür türkmen halkynyň parahatçylyga, ynsanperwerlige we halkara hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygynyň aýdyň şaýadydyr.

Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň ýörite Karary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Bu taryhy waka dünýä taryhynda täze döwri açdy. Bu dereje dünýä döwletleriniň ählumumy goldawy bilen, ýagny BMG-niň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagy netijesinde berildi.Türkmenistanyň Bitaraplygy ýönekeý syýasy beýannama däl-de, eýsem, halkara hukuk binýadyna esaslanýan, BMG tarapyndan goldanylýan derejedir.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklaryň gurşawynda esaslanÿar. Dünýäde we sebitde ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmekde we olaryň öňüni almakda Parahatçylyk diplomatiýasyny işjeň ulanýar. Bitaraplyk syýasaty ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýär. Türkmenistan özüniň geosyýasy mümkinçiliklerini ulanyp, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň (mysal üçin, TOPH gaz geçirijisi) durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

​Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gabat gelýär. Bu bolsa ýurduň parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.BMG Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini 1995-nji ýyldan soň ýene-de iki gezek (2015-nji we 2020-nji ýyllarda) Kararlar bilen tassyklap, onuň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrdy. 30 ýyllyk mynasybetli ýurtda we daşary döwletlerde ýubileý maslahatlary, forumlar, sergiler we medeni çäreler giňden guralýar.

​Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir döwletiň daşary syýasaty bolman, eýsem, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň beýanydyr. Bitaraplyk parahatçylykly, durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady hökmünde hyzmat edip, ýurduň geljekki syýasy we ykdysady ösüşiniň esasy ugry bolup durýar.

Awazgeldiýewa Ogulbeg

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby