Deri — bu biziň bedenimiziň iň uly organy bolup, daşky gurşawdan goragçy serhediň roluny oýnaýar. Beden gigiýenasy bolsa, diňe bir arassaçylyk däl, eýsem, deriň gorag funksiýasyny saklamak, keselleriň öňüni almak we umuman özüňe bolan ynamy artdyrmak üçin aýrylmaz zerurlykdyr.Deriniň sagdyn bolmagy üçin onuň arassalygyna we iýmitlenmegine üns bermek möhümdir.

Aşa gyzgyn suw ulanmakdan gaça duruň. Gyzgyn suw deriniň tebigy ýaglaryny (sebium) aýryp, ony guradýar we gijilewüge sebäp bolup bilýär. Maýyl suw derini arassalamak we onuň çyglylyk derejesini saklamak üçin iň gowusydyr.Hammam wagtynyň 10 minutdan uzak bolmazlygy maslahat berilýär.

Deriňiziň görnüşine (gurak, ýagly, duýgur) laýyk gelýän ýumşak, pH derejesi neýtral bolan sabynlary ýa-da duş gellerini ulanyň. Güýçli ysy bolan ýa-da himiki goşundylar köp bolan sabynlar deriniň goraýjy gatlagyna zyýan berip biler.

Hammamdan soň derini süpürgiç bilen gaty süpürmek däl-de, ýuwaşlyk bilen nemini aýyrmak (promaknut) zerurdyr. Deri henizem çyglyka (duşdan soňky 3 minutlyk möhletde), ýokary hilli çyglandyryjy kremi ýa-da losýony ulanyň. Bu, suwuň bugarmagynyň öňüni alyp, deriniň ýumşaklygyny we elastikligini saklamaga ýardam edýär.

Derlemek — bu bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrmak üçin tebigy we zerur prosesdir. Gigiýena bu tebigy prosesiň ýaramaz netijelerini (ýakymsyz ysy) aradan aýyrmaga kömek edýär. Bakteriýalaryň köpelmegi netijesinde ýüze çykýan ýakymsyz dersiň ysyny ýok etmäge ýa-da maskalamaga gönükdirilendir.

Deri kanallaryny wagtlaýyn ýapyp, derlemegiň mukdaryny ep-esli azaldýar. Olary iň gowy netije almak üçin ýatmazdan öň ulanyň, sebäbi ukuda ol has gowy siňýär.

Ysly himiki serişdàni hemişe ýuwlan we guradylan arassa derä çalmaly.Aýaklar beden agramyny göterýändigi sebäpli aýratyn idege mätäçdir.

​Aýaklary hammamdan soň, aýratyn-da barmaklaryň arasynda gowy guratmak örän möhümdir. Çygly gurşaw kömelek (gribok) ýaly keselleriň ýaýramagyna amatly şert döredýär. Aýakgaplaryň yzygiderli ýelejiredilmegini we tämiz jikjimeleri geýmegi üpjün ediň. Jikjimeler her gün çalşyrylmalydyr. Ýumşaklygy Saklamak Aýagyň derisi gaty gurak bolýan bolsa ýa-da ýarylyp başlan bolsa, ýörite çyglandyryjy (möwsümleýin) krem ulanyň.Deri gigiýenasyny saklamakda ýatylýan ýeriň arassaçylygy hem aýrylmaz orun eýeleýär.

Ýassygyň gapagyny yzygiderli, iň bolmanda hepdede bir gezek çalyşmak maslahat berilýär. Sebäbi ýassykda ýüzdäki ýaglar, deri bölejikleri we bakteriýalar ýygnanyp, sebäp bolup bilýär. Düşek daşlaryny her iki hepdeden bir ýuwmaly.

​Beden we deri gigiýenasy — bu diňe daşky görnüşi gowulandyrmak däl, eýsem, bedeniňiziň gorag serhedini berkitmek we sagdyn durmuşyň binýadyny tutmakdyr.

Gurbanowa Enejan

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby