Diýarbekir (Ýarbekirgala) galasy Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň taryhy-medeni mirasynyň iň ähmiýetli ýadygärlikleriniň biridir. Ol özüniň gadymylygy, strategik ýerleşişi we Beýik Ýüpek Ýolundaky orny bilen tapawutlanýar. Daşoguz welaýatynyñ Ruhubelent etrabynyñ Aşyk Aýdyň geňeşliginiň çäginde ÿerleşÿàr.Diýarbekir galasy köp asyrlary öz içine alýan uzak taryha eýedir.
Alymlar galanyň esaslandyrylan döwrüni b. e. öňki IV asyrlara— b. e. III asyrlaryna çenli senelendirýärler. Bu bolsa, galanyň Günorta we Merkezi Aziýanyň taryhynda örän gadymy oturymly ýer bolandygyny görkezýär.Galada aýratyn-da b. e. X-XIV asyrlarynda ýaşaýyş gülläp ösüpdir. Bu döwürde ol ähmiýetli söwda we strategik merkezleriň biri bolupdyr.
Bu gala Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşip, söwda kerwenleriniň menzilleriniň biri bolan. Şonuň üçin hem, galanyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda uly orny bolupdyr.Diýarbekir galasy ägirt uly ölçegleri we gorag desgalary bilen tapawutlanýar. Gala esasan bişen we çig kerpiçlerden bina edilipdir.Diwarlarynyň uzynlygy takmynan 250 \ 220 metre barabar.Umumy Gorag Meýdany bolsa 284,5 gektar.
Galanyň diwarlarynda häzirki wagtda 6 sany diň saklanyp galypdyr.Arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde galanyň iň aşaky böleginiň b. e. öňki IV asyra degişli çig kerpiçden (ölçegi 40 -10 sm) bina edilendigi anyklanyldy. Şeýle ölçegli kerpiçler orta asyrlarda hem ulanylypdyr, bu bolsa galanyň dowamlylygyndan habar berýär.
Galanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri onuň taryhy we medeni durmuşy barada gymmatly maglumatlary berýär.Galanyň içinde orta asyra degişli ussahanalar (önümçilik ýerleri).Bu ussahanalardan orta asyra degişli köp sanly keramika önümleri tapyldy. Bu tapyndylar galanyň ýaşaýjylarynyň hünärmentçilik we söwda derejesi barada düşünje bermäge mümkinçilik berýär.
Diýarbekir galasy Merkezi Aziýanyň gadymy we orta asyr taryhyny öwrenmekde iň wajyp arheologik ýadygärlikleriň biri bolup durýar.
Balşaýewa Gülbahar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby

RU












