Adamyň ýaşaýyş ýolunda duş gelýän ähli duýgularyň içinde, enäniň söýgüsi iň arassa, iň çäksiz we iň mukaddes orny eýeleýär. Bu diňe bir ynsan üçin däl, eýsem, tebigatyň ähli janly-jandarlary üçin hem hakyky ýaşaýyş çeşmesi bolup durýar. Ene söýgüsi şertli däl, aýrylyşyk ýok we iň kyn pursatlarda hem söndürmesi kyn bolan bir yşykdyr.

Enäniň söýgüsi, perzent dünýä inmezden öň, ýüregiň iň jümmüşinde döräp başlaýar. Bu duýgy, uzak garaşmanyň, aladanyň we çäksiz arzuwlaryň netijesidir.”Ene söýgüsi, hatda perzent hiç zat bolmasa-da, perzendiniň yzyna dolanmagyna garaşýan mähirdir.”

​Eneler perzendini göwresinde göterýän pursadyndan başlap, ähli güýjüni we durnuklylygyny şol mähre bagyş edýär. Bu, dünýäniň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge ukyply bolan tebigy güýçdür.Enäniň söýgüsi dine, millete ýa-da yklyma bölünmeýär. Ol her bir medeniýetde, her bir dilde şol bir manyda: çäksiz ynamyň we goragyň manysyny berýär.

​Ene — perzent üçin diňe bir hossar däl, eýsem, iň kyn ýagdaýlarda goragçy we ruhy halasgärdir.Ene söýgüsiniň iň aýdyň alamaty gurbanlyk etmäge taýýarlykdyr. Eneler perzendiniň bagty we howpsuzlygy üçin öz isleglerinden, hatda öz saglygyndan hem geçmäge taýýardyrlar. Türkmen halkynda muňa “Ak süýt haky” diýilýär. Bu borç we hormat, perzendiň tutuş ömrüne ýörelge bolup galýar.Perzent näçe ýalňyşsa-da, näçe uly ýitgi çekse-de, ene kalby ony hemişe bagyşlamaga we ýene-de yzyna kabul etmäge taýýardyr. Bu, durmuşdaky iň uly durnukly goldawdyr.

Ene söýgüsi diňe mähir we okşama däl, eýsem, ahlak we terbiýe mekdebidir.Ene — ilkinji mugallym, perzende dogruçyllygy, zähmetsöýerligi we ynsanperwerligi öwredýän esasy çeşmedir.Ene perzendiniň ýoluna hemişe ak ýol arzuw edýär. Onuň her bir dogasy, perzendiniň ýeňişleri we şatlyklary bilen ýazylyp, kynçylyklarynda goldaw berýän ruhy ýaýdyr.

Enäniň söýgüsini hiç hili baýlyk, iň gymmatly sowgatlar ýa-da beýik derejeler bilen ölçäp bolmaýar. Ol bahasyna ýetip bolmajak, çäksiz gymmatlykdyr.

​Eneler biziň köklerimiz, milli ruhumyz, däplerimiz we ynsanperwerligimizdir. Şonuň üçin hem, enäniň söýgüsine hormat goýmak, diňe bir perzendiň borjy däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň mukaddes ýörelgesidir.

​Netijede, enäniň söýgüsi — dünýäniň iň arassa, iň güýçli we iň goragly duýgusydyr. Bu söýgi her bir ynsan kalbynda baky ýaşap, biziň ýaşaýşymyzyň dowamyny we manysyny üpjün edýär.

Nurmyradowa Şasenem

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 108-nji toparynyň talyby