Gurbanguly Berdimuhamedow «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn
alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny
maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Degişli resminama
Türkmenistanyň Prezidenti hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:
Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we
ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Ño.KG» kompaniýasyndan
satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85
göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere
Credit Inc.» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl
möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary
resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly
işleri amala aşyrmaga;
oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we
ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen
8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu resminama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen
«John Deere Waldorf GmbH &Co.KG» kompaniýasynyň arasynda özara
düşünişmek hakyndaky Strategik ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy. Bu
ylalaşyga birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Telekeçiler üçin oba hojalyk tehnikalarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek barada Karara gol çekildi
Telekeçiler üçin oba hojalyk tehnikalarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek barada Karara gol çekildi
