Namazgadepe (ýa-da Namazga-depe) Türkmenistanyň Kaka etrabynda (Ahal welaýaty) ýerleşýän, Merkezi Aziýanyň bürünç we mis-daş (Eneolit) döwürleriniň ösüş yzygiderliligini, şäherleşmeginiň ilkinji basgançaklaryny we ykdysadyýetini anyklamakda esasy rol oýnan ägirt uly taryhy ýadygärlikdir. Onuň gatlaklary Merkezi Aziýanyň alty müň ýyllyk taryhyny öz içine alýar.Namazgadepe arheologlar üçin wagt we medeniýet standarty bolup hyzmat edýär. Depe gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan gatlaklar esasynda Merkezi Aziýanyň irki siwilizasiýalarynyň ösüşi alty esasy döwre bölündi:
Bu iň irki döwür Jeýtün medeniýetinden soňky döwri hasaplanýar. Hünärmentçiligiň ösüşi, adaty jaýlaryň çig kerpiçden gurluşy we el bilen ýasalan keramika gaplar (köplenç gyzyl reňkli nagyşlar bilen bezelen) häsiýetlidir.Ekerançylygyň we maldarçylygyň giňelmegi. Täsin, polihrom (köp reňkli) we inçe bejerilen keramika önümleriniň peýda bolmagy.Bürünç döwrüne geçiş. Metal işleriniň ösmegi, senetçiligiň we daşky gatnaşyklary güýçlenmegi. Ilkinji uly oturymly şäherleşme alamatlary. Köp sanly adamyň ýaşaýan ýeri bolan uly-uly jaý toplumlary. Keramika önümlerinde we metal tapyndylarda hünär taýdan kämilleşme.
Altyndepe ýaly esasy şäher merkezleriniň iň gülläp ösen döwri. Namazgadepe Merkezi Aziýanyň iň uly we iň täsirli merkezleriniň birine öwrülýär (meýdany 50 gektardan gowrak). Bu döwürde Hojalyk durmuşynda ulanylan aýlagly we geometrik nagyşly çarhda ýasalan keramika önümleri tapyldy. Bu, hünärmentçiligiň aýratyn ugra öwrülendigini görkezýär.
Namazgadepe Merkezi Aziýanyň arheologiýasynda “Açyk gollanma” hökmünde kabul edilýär, sebäbi onuň gatlaklary beýleki ýadygärlikleriň (mysal üçin, Altyndepe, Ylgynlydepe we s. m.) senesini kesgitlemek üçin esasy bolup hyzmat edýär. Namazga V döwri, Merkezi Aziýada (Altyndepe bilen bilelikde) ilkinji şäher siwilizasiýalarynyň kemala gelendigini tassyklaýar.Irki döwürlerde ekerançylyk (bugdaý, arpa) we maldarçylyk (goýun, geçi) bilen meşgullanypdyrlar. Bürünç döwründe bolsa metal gaýtadan işlemek we ýöriteleşdirilen hünärmentçilik ösüpdir.Palçykdan ýasalan aýal heýkeljikleri (hasyllylyk kultuny aňladýan), bürünçden ýasalan zynat şaýlary we möhürler tapyldy.
Namazgadepe — Türkmenistanyň has irki ekerançylyk döwründen tä bürünç döwrüne çenli bolan ösüşini gowy görkezýän, dünýä taryhynyň wajyp bir bölegidir.
Amangeldiýewa Enejan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 109-njy toparynyň talyby

RU












