Aşgabadyň görküne görk goşýan desgalaryň arasynda “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi we onuň daş-töweregindäki seýilgäh zolagy aýratyn orun tutýar. Bu ýer diňe bir seýilgäh bolman, eýsem adyndan belli bolşy ýaly, bagtyýar durmuşyň, şatlygyň we gülküniň mekanydyr.
“Bagtyýarlyk” sözi türkmen halkynyň şu günki bagtyýar durmuşyny, abadanlygy we geljege bolan ynamyny aňladýar. Bu toplumyň ady hem hut şu düşünjeden ugur alnyp goýlupdyr. Seýilgähe we topluma giren badyňa, özüňi has şadyýan we ruhubelent duýýarsyň.Bagtyýarlyk toplumynyň binasy özboluşly arhitekturasy bilen tapawutlanýar.Bina döwrebap usulda gurlup, onuň aýna bezegleri we ýokary tehnologiýaly dizaýny Aşgabadyň “ak mermer” keşbi bilen ajaýyp sazlaşýar. Agşamara bu ýer dürli reňkli çyralar bilen yşyklandyrylanda, bina edil suwda ýüzüp ýören äpet gämine ýa-da ýaldyraýan gymmatbaha daşa meňzeýär.Bu ýeriň esasy aýratynlygy – maşgala bolup dynç almak üçin döredilen giň mümkinçiliklerdir:Toplumyň içinde ýerleşýän ýapyk suw howdanlary we suw typançaklary tomus günlerindäki yssyda çagalar hem-de ulular üçin hakyky serginlik çeşmesidir.
Çagalar üçin dürli oýun awtomatlary, batutlar we labirintler bar. Bu ýerde çagalaryň şadyýan gülküsi hiç wagt kesilmeýär. Lezzetli tagamlary dadyp, dynç almak üçin amatly ýerleriň köplügi myhmanlary özüne çekýär.Desganyň daş-töweregi hem gök zolaklar bilen gurşalandyr. Toplumyň daşynda arassa howada gezelenç etmek, agaçlaryň saýasynda oturyp dynç almak üçin oturgyçlar we ýodalar bar.Töwerekdäki suw çüwdürimleri (fantanlar) daşky gurşawa aýratyn gözellik we salkynlyk berýär.Bagtyýarlyk diňe bir çagaly maşgalalar üçin däl, eýsem ýaşlar üçin hem gelim-gidimli ýerdir. Bu ýerde dostlaryň bilen duşuşmak, kino görmek ýa-da bouling oýnamak üçin ähli şertler döredilen.
”Bagtyýarlyk” – bu Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna gündelik aladalardan daşlaşyp, durmuşyň lezzetini duýmaga mümkinçilik berýän ajaýyp künjekdir. Ol öz adyna mynasyp bolup, her bir myhmanyna bagtyýar pursatlary sowgat edýär.
Rahymow Şatlyk
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby

RU












