​Aşgabatdaky Suw Çüwdürimleriniň Monumental Toplumy — bu diňe bir inženerçilik we suw dizaýnynyň ajaýyp nusgasy däl, eýsem, türkmen halkynyň parahatçylyk, ösüş we Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň simwolik beýanydyr. Bu ägirt uly desga, 2010-njy ýylda “Iň köp suw çüwdürimini jemlän toplum” hökmünde Guinnessiň Rekordlar kitabyna girizildi we Aşgabadyň dünýä meşhur “Ak Mermerli Şäher” statusyny has-da berkitdi.Toplumyň esasy aýratynlygy, onuň gurluşynyň çylşyrymlylygy we ululygydyr.

​Bu toplumda, dürli görnüşli we beýiklikdäki 120-den gowrak suw çüwdürimi bir ýere jemlenendir. Olaryň hersi aýratyn bir sazlaşykda işleýär. Bu, Aşgabadyň Galkynyş döwrüniň inženerçilik we binagärlik ussatlygynyň subutnamasydyr.Toplum, iň döwrebap kompýuter tehnologiýalary esasynda dolandyrylýar. Gijelerine suw akymlary ýörite ýagtylandyryş we lazer effektleri bilen sazlaşykly utgaşyp, tomaşaçylary haýran galdyrýan aýratyn suw we yşyk şou programmasyny döredýär. Bu, şäheriň gijeki gözelliginiñ  iň täsirli bölegidir.

​”Oguzhanyň Ogullary” Toplumyň iň ähmiýetli we ruhy merkezi, onuň esasy heýkeltaraşlyk ansamblydyr.Toplumyň merkezi böleginde gurlan monument, beýik türkmen serdary Oguzhany we onuň alty ogluny (Gün, Aý, Ýyldyz, Gök, Dag, Deňiz) şekillendirýär. Bu heýkeller türkmen halkynyň taryhy köklerini, taryhy däplerini we Watana bolan wepalylygyny simwollaşdyrýar.Oguzhanyň we onuň ogullarynyň heýkelleriniň ýanyndaky suw çüwdürimleri, türkmen halkynyň güýjüniň we ruhunyň hemişelik akymyny aňladýar. Taryhyň we medeniýetiň çeşmesi hemişe janly we hereketde bolup durýar.Toplum, Aşgabadyň iň uly we iň beýik ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we ony döwletliliginiň merkezi simwolyna öwürýär.

​Monumental toparyň ýerleşýän meýdançasy, döwlet we halkara derejeli ähmiýetli çäreleri we dabaralary geçirmek üçin niýetlenen uly we dabaraly zolakdyr.Suw çüwdürimleri ak mermer bilen örtülip, şäheriň beýleki esasy ak binalary bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär. Bu, Aşgabadyň binagärlik ansamblynyň bir bitewi we kämil görnüşini üpjün edýär.Suw çüwdürimleri diňe bir gözellik däl, eýsem, syýasy we filosofiki many hem göterýär.Suw — bu Gündogar däplerinde we gurak zolaklarda durmuşyň, bereketiň, arassalygyň we ruhy galkynyşyň simwolydyr.

​ Ginnesiñ rekordynyň goýulmagy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, inženerçilik we binagärlikdäki üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine açyk görkezýär.Suw Çüwdürimleriniň Monumental Toplumy — bu Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyndaky iň ähmiýetli monumentleriň biridir. Ol, türkmen halkynyň taryhy kökleriniň, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň we döwrebap ösüşleriniň suw bilen yşygyň sazlaşygynda beýan edilýän, ähli gelýänleri we raýatlary haýran galdyrýan ruhy we estetiki merkezidir.

Gyşykow Aýdogdy

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby