Ýaponiýanyň öýleri (we köpçülikleýin ýerleri) arassaçylygyň we tertip-düzgüniň iň ýokary nusgasy hökmünde ykrar edilýär. Bu, tötänleýin däl-de, eýsem, asyrlaryň dowamynda kemala gelen filosofiýa, medeniýet we praktiki endikler bilen berk baglanyşyklydyr.Ýapon arassaçylyk düşünjesi iki esasy dini we filosofiki akymyň — Şintoizm we Buddizm — täsiri bilen kemala gelendir.
Şintoizm — Ýaponiýanyň milli dini — arassaçylygy (harai ýa-da kiyome) ruhy aýratynlyk hasaplaýar. Oňa görä, hudaýlar (kami) diňe arassa we päk ýerlerde mesgen tutýarlar. Fiziki arassaçylyk (hapa, tozan) we ruhy arassaçylyk (erbet pikirler) bir-birine baglydyr. Öýüň arassa bolmagy, şol öýde ýaşaýanlaryň ruhunyň hem arassa bolmagyny aňladýar.Her ýylyň ahyrynda geçirilýän Ōsōji (ulu arassaçylyk) däbi, köne ýylyň hapasyny çykaryp, hudaýlaryň Täze ýylda gelmegi üçin öýüňi taýýarlamagy aňladýar.
Zen-Buddizm arassaçylygy gündelik oýlanma (meditasiýa) hökmünde görýär. Meselem, ybadathanalarda arassaçylyk (sōji) işleri okuw meýilnamasynyň esasy bölegidir. Dünýewi işler, şol sanda öý süpürmek hem, zähmet bilen pikirleri we duýgulary arassalamagyň bir usuly hasaplanylýar.Arassaçylygyň saklanylmagy yzygiderli we kiçijik endikleriň jemlenmesidir.Bu, ýapon öýlerindäki iň esasy düzgün bolup, oňa “Genkan” diýilýän ýörite kiçijik giriş bölegi hyzmat edýär.
Genkan, daşardaky hapanyň we mikroblaryň esasy ýaşaýyş ýerine geçmeginiň öňüni alýar. Bu diňe bir arassaçylyk däl, eýsem, saglyk üçin hem ähmiýetlidir. Öýde hemişe arassa slippers (täpikleriň) geýilmegi hökmandyr.Ýapon öýleri köplenç kiçijik bolýar, şonuň üçin artykmaç zat saklamak kyn. Bu bolsa, minimalizmi we belli bir tertip-düzgüni (Danshari) ýörelge edinmäge itergi berýär.
Meşhur ýapon tertip-düzgün boýunça hünärmeni Marie Kondonyň “şatlyk döredýän” zatlary saklamak we beýlekileri aýyrmak baradaky usullary bu filosofiýanyň global derejedäki subutnamasydyr. Az zat — az hapa, az tozan, az agram.Ýaponlar uly, hepdäki arassaçylygyň deregine, gündelik, kiçijik arassaçylyk endiklerini edinýärler. Aýratyn otaglar we işler üçin (mysal üçin, aýakýodalar, aşhanalar, ýerler) aýratyn arassaçylyk serişdelerini ulanmak (çotgalar, matalar) adatydyr.
Öýleriň dizaýny hem arassaçylygy goldaýar:
”Tatami” Düşekleri: Geleneksel ýapon otaglarynda döşemeleriň ýerine tatami (gamyş matalar) ulanylýar. Bu matalar örän çalt tozany özüne siňdirýär we wagtal-wagtal ýelejiredilmegi ýa-da çalşylmagy zerur. Bu bolsa öý eýelerini hemişe döşemäniň ýagdaýyna üns bermäge mejbur edýär.
”Futon” (Düşekler): Gije ýaýylyp, gündiz ýygnalýan düşekler (futonlar) otaglary gündizki arassaçylyk we giňlik üçin boşatmaga mümkinçilik berýär.
Ýaponiýanyň öýleriniň hemişe arassa bolmagy çylşyrymly syr däl-de, eýsem, gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan medeniýet, ruhy päkizelik we tertip-düzgün ýörelgeleriniň netijesidir. Arassaçylyk olarda iş däl-de, hormat, oýlanma we gözellik düşünjesidir.
Hudaýberdiýewa Mährijemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby

RU












