Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri ýurdumyzyň goňşy we dünýä döwletleri hem-de iri halkara guramalar bilen ýola goýýan gatnaşyklaryna oňyn itergi berýär. Bu babatda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir. Hemişelik Bitarap döwletimiziň bu abraýly halkara guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ösdürýän hyzmatdaşlygy sebitde we dünýäde ählumumy durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine hem-de ýokary derejedäki durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine itergi berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda netijeli, täzeçil daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly saýlap alan döredijilikli ýolunda ynamly gadam urýar, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge, durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine mynasyp goşant goşýar.
12-nji dekabrda paýtagtymyz Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forum bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasyna öwrüler.
Görnüşi ýaly, Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklara örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşýär, bu gurama tarapyndan jar edilen birnäçe maksatnamalary işjeň goldaýar. Şeýlelikde, döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine doly eýerip, dünýä döwletleriniň bilelikdäki tagallalaryny gazanmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçirilen öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklary ýurdumyzyň uly abraýa eýedigini, dünýä döwletleri bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen belleniler. Halkymyzyň eşretli geljegi, parahat hem-de asuda durmuşy üpjün edilýär. Ýurdumyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar. Bu günki gün ýurdumyzyň halkara abraýy barha arşa galýar, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerilip, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen uly abraý-mertebä eýe bolýar. Bu bolsa gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Munuň özi toýlary toýa ulaşýan eziz Watanymyzda asudalygyň, abadançylygyň mundan beýläk hem gülläp ösjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň hatarynda 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş edip, täze başlangyçlary öňe sürmegi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bu bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrýar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

RU












