Dogmy daga meňzeş, kalby ýaz güle,

Üstünlik getirer bu ýurda diňe,

Öňe, Arkadagly Serdary bile,

” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde.

Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz,

Bize mekdep ýazan her Şa serpaýňyz,

Sizden nusga alar, ýazjak paýymyz,

” Ýaşlar – Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde.

Bolup aýdym- saza sungata aşyk,

Watan waspyn saýrar gursagy joşup,

Hoş heňine dünýäden dost geler üýşüp,

” Ýaşlar – Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde .

Gujur, gaýrat, ukybymyz eldekä,

Erk eder, her bir kämil tehnika,

Bagtly nesle guwanýarka gül mekan,

” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde .

Watan goýny gül açýarka görkana,

Bitaraplygymyz şöhrat getirer,

Aşygy biz eserleriň dürdäne,

Alkyş aýdyp Arkadagly Serdara,

” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde.

Dünýäde üç gezek ykrar edilen,

Bu ýyl 30 ýyllyk toýy tutular,

” Ýaşlar -Watanyň daýanjy” ak ýolda,

Gahryman Serdarly Bitarap ilde.

Zöhre ROZYÝEWA 

S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  Gidromeliorasiýa fakultetiniň zenanlar guramasynyň başlygy;