Biz köplenç energiýany diňe bir nahardan alýan ýaly duýýarys. Emma bedeniň hakyky, dowamly we bitewi energiýa çeşmesi ýeke bir zatda däl-de, eýsem, biologiki prosesleriň we durmuş endikleriniň çylşyrymly ulgamynyň içinde gizlenendir. Bu syrly çeşmäniň esasy “gizlenýän ýeri” biziň her bir öýjügimizde we şeýle hem akyl ýagdaýymyzda ýerleşýär.Bedeniň iň esasy energiýa merkezi, her bir öýjügimiziň içinde ýerleşýän kiçijik organoidler bolan mitohondriýalardyr. Olar hakyky energiýa zawodydyr.
Mitohondriýalar iýmitden alnan glýukozany we ýaglary kislorodyň kömegi bilen ýakyp, adenozintrifosfat (ATP) atly molekulany döredýärler. ATP bolsa bedeniň ähli hereketleri we pikirleri üçin ulanylýan esasy energiýa walýutasydyr.Iň köp energiýany talap edýän ýerlerde, meselem, ýürek myşsalarynda we beýni öýjüklerinde mitohondriýalaryň sany has köpdür. Olaryň sagdynlygy, biziň umumy energiýa derejämizi kesgitleýär.Energiýanyň çeşmesiniň bir bölegi, elbetde, iýmitde ýerleşýär.Bedeniň dowamly energiýasy, ganymyzda şeker derejesini tiz ýokary galdyrmaýan, çylşyrymly uglewodlardan (däneli önümler, köp süýümli gök önümler) we sagdyn ýaglardan (zeytun ýagy, awokado) gelýär.
Witamin B topary, demir we magniý ýaly minerallar ýakylgyny (iýmiti) ATP-a öwürmek prosesini dolandyrýan esasy maşyn bölekleridir. Olaryň ýetmezçiligi ýadawlygyň esasy sebäbi bolup durýar.Mitohondriýalaryň we beýniniň hakyky dynç alýan we gaýtadan güýç toplanylan ýeri kadaly ukydyr.Uky wagtynda beýni we beden öýjükleri gije dowamynda ýygnanan zeperleri bejerýär, gormonlary kadalaşdyrýar we energiýany doly derejede gaýtadan doldurýar.Ýeterlik uky, stresiň derejesini peseldýär we ünsi jemlemek ukybyny güýçlendirýär. Uky gijeki dynç alyş, ertirki gün üçin mental energiýanyň esasy çeşmesidir.Bedeniň energiýasynyň uly bölegi fiziki däl-de, akyl we emosional ýagdaýymyzda gizlenendir. Eger-de adam öz edýän işiniň maksadyna we ähmiýetine ynanýan bolsa, ol güýçli ruhy energiýa alýar. Bu ruhy güýç, fiziki ýadawlygy ýeňmäge kömek edýär.
Dowamly stres we alada beýnini “gowşak hereketde” saklap, ähli ATP ätiýaçlyklaryny sarp edýär. Dynç alyş usullaryny ulanmak, bu energiýa akymyny esasy wezipelere gönükdirmäge kömek edýär. Söýgi, goldaw we bagt duýgulary bedende endorfinleri we başga gowy gormonlary döredip, biziň duýgy energiýamyzy ýokarlandyrýar.Bedeniň energiýa çeşmesi bir ýerde gizlenmän, eýsem, biziň her bir öýjügimizde we şahsy saýlamalarymyzda ýerleşýär. Mitohondriýalary sagdyn iýmit, kadaly uky we maksatlara gönükdirilen akyl ýagdaýy bilen goldamak – biziň energiýa çeşmämizi doly güýç bilen açmagyň syrydyr.
Tejenowa Enejan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 113-nji toparynyň talyby

RU












