Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi, ýaş nesliň parahat we gülläp ösýän geljeginiň berk binýadydyr. Bu dostluk diňe bir döwletleriň arasyndaky gatnaşyk däl, eýsem, dünýäniň ähli ýaşlaryny birleşdirýän umumy ruhy we medeni gymmatlykdyr.
Dostlukly halklaryň arasyndaky gatnaşyklar, ilkinji nobatda, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün edýär. Urşuň, düşünişmezligiň we gapma-garşylygyň ýok ýerinde, ýaşlar öz bilimine, hünärine we döredijiligine ünsi jemläp bilýärler. Ýaş nesil daşarky howplardan durnukly goralýan ýurtda ýaşap, öz ähli ukyp-başarnyklaryny doly görkezmäge mümkinçilik alýar.Dostlukly gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirýär, bu bolsa täze iş orunlaryny döredýär we ýaşlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna şert döredýär.
Halklaryň dostlugy, ýaşlaryň öz dünýägaraýşyny giňeltmäge we başga medeniýetleri hormatlamaga kömek edýär. Bu tejribe olary giň dünýä giňişligine taýýarlaýar.
Halkara okuw maksatnamalary we bilelikdäki ylmy taslamalar arkaly ýaşlar dünýäniň iň gowy tejribelerini öwrenýärler. Dürli döwletleriň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän festiwallar, sport ýaryşlary we forumlar, olaryň arasynda ýakyn şahsy gatnaşyklary we özara düşünişmegi kemala getirýär. Türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýaýýan ruhy ynsanperwerlik ideýasy bu gatnaşyklaryň esasy özeni bolup durýar.Halklaryň dostlugy ugrundaky işler diňe bir döwlet Baştutanlarynyň borjy däl, eýsem, her bir ýaş raýatyňam jogapkärçiligidir.Sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen ýaşlar, dünýäniň dürli künjeklerindäki deň-duşlary bilen aragatnaşyk gurup, halklaryň dostlugynyň bu günki günki we geljekki wekilleri bolup biljekdigini subut edýärler.
Halklaryň dostlugy, Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň ýaşlarynyň bagtyýar, döredijilikli we abadan geljegini üpjün edýän esasy şertdir. Bu dostluk diňe bir miras däl, eýsem, ýaşlaryň öz eli bilen gurýan parahatçylykly we berk geljeginiň güwäsidir.
Pirkakaýew Abraý
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 114-nji toparynyň talyby

RU












