​Hemişelik Bitaraplyk – bu Türkmenistan döwletiniň ýüregi bolup, ol diňe bir döwlet gurluşyny däl, eýsem, türkmen halkynyň milli ruhunyň, ahlak gymmatlyklarynyň we parasatly pähimleriniň iň aýdyň we iň ýokary beýanydyr. Bitaraplyk statusy taryhyň dowamynda kemala gelen, parahatçylyk, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýaly millilikden gözbaş alýan ýörelgeleriň, BMG derejesinde ykrar edilmegi diýmekdir.Türkmen halkynyň Bitaraplyga bolan meýli we söýgüsi, onuň asyrlaryň synagyndan geçen atalar pähimlerinde we edebi mirasda çuňňur kök urýar.

Gadymdan galan “Goňşyň rahatlygy – seniň rahatlygyň” ýaly pähimler, häzirki Bitaraplyk syýasatynyň hoşniýetli goňşuçylyk we sebitde durnuklylygy döretmek ugrunda alyp barýan işleriniň ruhy binýadydyr.Türkmen ynsany hemişe zorlugy däl-de, sözleşigi we ykmamçylygy ileri sürdi. Bu, Bitaraplyk pozisiýasyndan gelip çykýan dialog we Öňüni Alyş diplomatiýasynyň ynsanperwer manysyny aňladýar.Bitaraplyk türkmen halkynyň durmuş, medeniýet we ahlak ýörelgelerinde aýdyň beýan edilýär.

​Milli ruhda sylaşyk we sabyrlylyk esasy orny eýeleýär. Bitarap döwlet hem dünýäniň ähli döwletleriniň garaýyşlaryna we gurluşlaryna hormat bilen çemeleşýär. Bu, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesiniň milli ahlakdaky beýanydyr. Bitarap Türkmenistan açyk gapy syýasatyny alyp barýar. Bu bolsa, türkmen halkynyň myhmansöýerlik, hoşniýet we dünýä ýüzüne bolan açyk kalplylygyndan gözbaş alýar. Türkmen ojagy hemişe her bir myhmany hormat bilen garşy alypdyr.Häzirki döwrüň tizlikli üýtgeýän, çylşyrymly dünýä ýagdaýlarynda, Bitaraplyk statusy parahatçylygyň we ynamyň iň kämil parasatlylygyny görkezýär.

Bitaraplyk, Türkmenistanyň özüni umumydünýä howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde görýändigini we ynanyşykly dialog arkaly global meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýandygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk ýörelgesi yzygiderli berkedilýär. Bu status biziň abratçylygymyzyň, ykdysady durnuklylygymyzyň we Galkynyşymyzyň mizemez ruhy binýady bolup, Watanyň bakylygyna ynamy berkitýär.

​ Bitaraplyk – bu diňe bir Türkmenistanyň Hukuk statusy däl. Ol, türkmen halkynyň milli ruhunyň we pähiminiň iň ýokary görnüşidir. Ol asyrlaryň dowamynda dörän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary, BMG-niň Kararnamasy arkaly dünýä meýdançasyna çykardy. Bitaraplyk biziň kalbymyzyň asudalygynyň, ösüşimiziň we röwşen geljegimiziň esasy diregidir.

Hammyýewa Ogulsuraý

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby