Nesil — diňe bir biologiýa prosesi däl, eýsem, milletiň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň bakylygyny üpjün edýän esasy sütündir. Türkmen halkynyň arasynda “nesil terbiýesi” hemişe durmuşyň mizemez kadasy bolup gelipdir.Nesil terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri durýar. Bu terbiýe Watansöýjüligi, ynsanperwerligi, agzybirligi, zähmetsöýerligi we ýaşula hormat goýmagy öz içine alýar.
“Çaga – eziz, terbiýesi – ondan hem eziz” ýa-da “Ýaşyňa görä ýöreme, işiňe görä ýöregin” ýaly atalar sözleri, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewli goşgulary milli ahlak garaýyşlarynyň iň gymmatly çeşmesidir.Terbiýäniň ilkinji we iň esasy ojagy maşgaladyr. Ene-atalar perzentlerine halallygy, edebi we päk ahlaklylygy şahsy görelde arkaly öwredýärler.Häzirki wagtda nesliň dowamaty milli ruh bilen döwrebap bilimiň sazlaşygyny talap edýär.Ýaşlar diňe bir milli däpleri saklamak bilen çäklenmän, eýsem, sanly tehnologiýalary, ylymlary çuňňur öwrenmelidirler.Ösüp gelýän nesil diňe ýokary bilimli däl, eýsem, innowasiýalara ukyply, jogapkärli we öňdebaryjy pikirli bolmalydyr. Döwlet derejesinde ýaşlara berilýän uly ähmiýet, olaryň Watanymyzyň geljegi üçin esasy daýançdygyny görkezýär.
Nesil adamzadyň dowamaty bolmak bilen, bu mukaddes mirasy geljek nesillere ýetirmek borjuny aňladýar.Sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesiller döwletiň, jemgyýetiň we maşgalanyň mizemez diregidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde belleýşi ýaly, kämil ynsan bolmak we jemgyýetde parahatçylygy üpjün etmek diňe arassa ahlaklylyk bilen mümkindir.
Nesil terbiýesi — bu diňe bir çagany ýetişdirmek däl, eýsem, Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik maksatlara ýetmegi üçin salynýan berk binýatdyr. Nesliň dowamaty, milli buýsanjyň we geljege bolan uly ynamyň aýdyň beýanydyr.
Söýünowa Meňli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU












