​Türkmenistan Garaşsyzlygynyň Bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil diňe bir ata-babalarymyzyň baý mirasynyň goragçysy bolman, eýsem, ony täze, häzirki zaman ideýalary we tehnologiýalary bilen baýlaşdyryjy we ösdüriji güýç bolup durýar. Täze nesliň medeni çemeleşmeleri — milli gymmatlyklary, döwrebap dünýägaraýyş bilen utgaşdyryp, türkmen medeniýetiniň geljegini gurýan esasy ýörelgedir.Ýaşlar taryhy mirasa bolan çemeleşmeleri arkaly, medeniýetimiziň dowamlylygyny üpjün edýärler.

​Täze nesil gadymy ýadygärlikleri, milli el işlerini, hatda nusgawy edebiýaty hem sanlylaşdyrýar. Olar internet platformalary, sosial mediýa we mobil goşundylar arkaly milli gymmatlyklary dünýä ýaýradýarlar.Taryhy desgalaryň we muzeý eksponatlarynyň 3D modellerini döretmek, wirtual syýahatlary guramak ýaly çemeleşmeler, medeniýetiň ýaşlar üçin has elýeterli we gyzykly bolmagyny üpjün edýär.Ýaşlar sungatyň we edebiýatyň islendik görnüşine milli duýgyny goşup, täze ugurlary açýarlar.Ýaş dizaýnerler türkmen keşdelerini, milli nagyşlary we lybaslaryň elementlerini häzirki zaman modasy bilen birleşdirýärler. Bu, milli geýimiň täzeden meşhur bolmagyna we halkara derejede gyzyklanma döretmegine ýardam edýär.Bagşyçylyk sungatynda we nusgawy mukamlarda täze sesler dörýär. Ýaş sazandalar dutaryň we gyjagyň gadymy seslerini rok, pop ýa-da elektron saz bilen utgaşdyryp, “etno-fýužn” (etno-birleşme) atly täze akymlary döredýärler.

Sanly tehnologiýalar arkaly ýaşlar milli dessanlara, taryhy şahslara ýa-da häzirki döwrüň meselelerine bagyşlanan gysga filmleri we wideo kontentleri döredýärler.Türkmenistanda ýaş nesliň bu döredijilikli çemeleşmeleri döwlet derejesinde goldaw tapýar.Çagalar sungat mekdepleri, döredijilik gurnaklary we ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlary ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döredýär.Ýyl-ýyldan geçirilýän “Türkmeniň Altyn Asyry” ýaly bäsleşikler we döredijilik festiwallary, ýaş zehinleri höweslendirýär we olara öz eserlerini giň köpçülige görkezmäge mümkinçilik berýär. Ýaşlar halkara medeni alyş-çalşyklara, okuw maslahatlaryna we çeperçilik sergilerine işjeň gatnaşýarlar, bu bolsa olaryň global medeniýet bilen aragatnaşygyny pugtalandyrýar.

​Täze nesliň medeni çemeleşmeleri — türkmen medeniýetiniň ýaşaýyş güýjüniň we dowamlylygynyň kepilidir. Olar gadymylygy täzelik bilen, milli äheňi dünýäniň yollary bilen birleşdirýärler. Bu çemeleşmeler netijesinde türkmen medeniýeti döwrebaplaşyp, öz milli ýüzüni ýitirmän, dünýäniň ösüşlerine aýakdaş gitmegi başarýar.

Suhanberdiýewa Gülälek

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 117-nji toparynyň talyby