Türkmenistanyň döwlet taryhynda häzirki döwür Bagtyýarlyk Döwri ady bilen şöhrat gazandy. Bu eýýam, halkyň durmuş hiliniň ýokary derejede üpjün edilmegine, Watanymyzyň ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösüşine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň we Galkynyşyň simvoly boldy. Bagtyýarlyk Döwrüniň belentlikleri, türkmen halkynyň öz ykbalyny öz eli bilen gurmakda gazanýan yzygiderli üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr.
Bagtyýarlyk Döwrüniň esasy belentliklerinden biri, ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi we köpugurlylygydyr.Nebit-gaz pudagyndan alynýan girdejiler diňe bir daşary ýurtlara satylman, eýsem, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga (köp ugurly etmäge) gönükdirilýär. Täze, döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň, mineral dökün zawodlarynyň gurulmagy ýurduň eksport kuwwatyny has-da artdyrdy.Türkmenistan yklymara ähmiýetli ulag-kommunikasiýa merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrdy. Täze halkara aeroportlary, Türkmenbaşydaky döwrebap deňiz porty we demir ýol geçelgeleri (Beýik Ýüpek Ýoluny dikeldýän taslamalar) ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar.
Bagtyýarlyk Döwrüniň iň esasy maksady – “Döwlet Adam Üçin!” ýörelgesi esasynda her bir raýatyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmekdir. Ýokary halkara standartlara laýyk gelýän saglyk merkezleri we hassahanalar guruldy. “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen ilatyň ortaça ömrüniň uzaldylmagyna we sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabat we welaýat merkezleri ak mermerli jaýlar, seýilgähler we özboluşly arhitektura desgalary bilen beýik belentliklere galdy. Bu, diňe bir gözellik däl, eýsem, ýurduň ykdysady güýjüniň we medeni derejesiniň aýdyň beýanydyr.Bagtyýarlyk Döwründe Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesini täze, has ýokary derejä çykardy.
Türkmenistan BMG-nyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýär.Türkmenistan yzygiderli sebitdäki we halkara derejedäki jedelli meseleleriň parahatçylykly çözülmegi üçin diplomatik tagallalary edýär, özüni ynsanperwer we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde görkezýär.Milli medeni mirasa, däp-dessurlara we ene diline bolan çuňňur hormat Bagtyýarlyk Döwrüniň aýratynlygydyr.Beýik şahsyýetleriň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi has giňden öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Milli gymmatlyklar ÝUNESKO-nyň miras sanawlaryna girizilýär.Sanly ulgam bilen utgaşdyrylan döwrebap bilim ulgamy ýaş hünärmenleri we ylym işgärlerini taýýarlamaga gönükdirilendir.
Bagtyýarlyk Döwrüniň Belentlikleri – bu Türkmenistanyň öz Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň hem-de milli maksatlara okgunlylygynyň netijesidir. Bu belentlikler, halkymyzyň ruhubelentligini, agzybirligini we şanly geljege bolan ynamyny tassyklaýan, ylham beriji güýçdür.
Pälwanowa Ogulnäzik
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby

RU












