Garaşsyzlyk – bu islendik milletiň iň mukaddes gymmatlygy, öz ykbalyny öz eli bilen kesgitlemek hukugy we milli mertebesiniň beýanydyr. Türkmenistan üçin Garaşsyzlyk diňe bir döwletçilik statusy däl, eýsem, asyrlarboýy arzuw edilen parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we millilik ruhunyň ýaňlanmasydyr. Garaşsyzlyk binýady, türkmen halkynyň döwletliliginiň, ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ähli ugurlarynda ösüşiniň berk we mizemez sütünidir.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda öz Garaşsyzlygyny yglan etmek bilen, täze bir taryhy döwre gadam basdy. Bu karar halkyň öz aňynda we ýüreginde asyrlarboýy saklap gelen erkinlik, azatlyk we özbaşdaklyk arzuwlarynyň amala aşmagy boldy.Garaşsyzlyk, milli döwletçilik esaslaryny dikeltdi. Ýurduň öz Konstitusiýasyny, Döwlet Baýdagyny, Tugrasyny we Gimnini kabul etmegi – bu binýadyň ilkinji we iň möhüm sütünleri boldy.1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Hemişelik Bitaraplyk statusy Garaşsyzlyk binýadyny has-da berkidýär. Bitaraplyk parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek ýaly daşary syýasat ýörelgeleriniň esasy bolup durýar.
Garaşsyzlyk ykdysadyýetde düýpli özgertmeleriň binýadyny döretdi. Türkmenistan dünýäde ägirt uly tebigy gaz we nebit gorlaryna eýe bolup, bu baýlyklary halkyň bähbidine peýdalanmak syýasatyny yzygiderli alyp barýar.Köpugurly turba geçiriji ulgamlaryň gurulmagy (mysal üçin, Türkmenistan—Hytaý, TAPI taslamalary) ýurduň energetika garaşsyzlygyny berkidip, dünýä bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýyny artdyrdy. Nebit-gaz pudagyndan başga-da, dokma senagaty, gurluşyk we oba hojalygy ýaly ugurlar döwrebaplaşdyrylyp, ýurduň eksport kuwwaty artdyryldy.
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli medeniýetini, dilini, däp-dessurlaryny we taryhyny doly dikeltmäge we ösdürmäge mümkinçilik berdi.Gadymy taryhy ýadygärlikler dikeldilýär, Magtymguly Pyragynyň we beýleki beýik şahsyýetleriň edebi mirasy giňden öwrenilýär. Täze, döwrebap bilim ulgamy döredildi. Ýokary okuw jaýlary we ylmy merkezler dünýä derejesindäki hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilendir.Garaşsyzlyk binýadynyň aýrylmaz bölegi bolan “Sagdynlyk” Döwlet Maksatnamasy halkyň saglygyny we sporta bolan höwesini artdyrýar, bu bolsa sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk Binýady – bu ähli türkmenistanlylary birleşdirýän ynamdyr. Ol diňe bir geçilen taryhy ýol däl, eýsem, parahat, abadan we gülläp ösýän geljegiň mizemez sütüni bolup durýar. Türkmenistan bu berk binýadyň üstünde Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň ýörelgelerine ygrarlylyk bilen, täze-täze üstünliklere ýetýär.
Garajaýewa Şihdurdy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby

RU












