Gadym döwürlerden bäri adamzat üçin suw, diňe bir fiziki zerurlyk bolman, eýsem, pelsepewi, dini we ylmy taýdan uly ähmiýete eýe bolan esasy element hasaplanypdyr. “Asyl külli ýaradylyşyň jany suw bilendir” diýen söz, bütin barlygyň, ähli ýaşaýşyň esasy binýadynyň we güýç çeşmesiniň suwdugyny aňladýar.Köplenç taryhy we dini çeşmelerde Älemiň we ýaşaýşyň başlangyjynyň suw bilen baglanyşyklydygy görkezilýär.
Häzirki zaman astrofizikleri we biologlary Ýerdäki ýaşaýşyň ilkinji formalarynyň suwda — gadymy okeanlarda dörändigini tassyklaýarlar. Ýer planetasynyň ýüzüniň 71\% töweregi suw bilen örtülendir. Galyberse-de, kosmosda suwuň (buz, bug ýa-da suwuk görnüşde) bolmagy, başga planetalarda ýaşaýşyň bolup biljekdiginiň esasy şerti hasaplanýar.Gadymy grek filosoflaryndan biri bolan Fales, suwuň dünýäniň ähli zadynyň başlangyjy (arkhesi) diýip hasap edipdir. Bu garaýyşda suw – döredijiligiň, üýtgeşmäniň we dowamlylygyň nyşanydyr.
Suw, ýaşaýşy saklap galýan iň möhüm molekuladyr. Jandar dünýäsiniň iň kiçi böleginden – öýjükden (kletkadan) başlap, iň uly jandarlara çenli ählisi suwa baglydyr. Adamyň bedeniniň agramynyň 60\%-75\% töweregi suwdur. Suw bedendäki ähli himiki reaksiyalaryň esasy gurşawy bolup, iýmit maddalaryny daşamakda, bedeniň temperaturasyny sazlamakda we zyýanly galyndylary çykarmakda esasy rol oýnaýar.Fotosintez prosesi, ýagny ösümlikleriň Gün energiýasyny ulanyp iýmit döretmegi suwuň gatnaşmagynda bolup geçýär. Suwsyzlyk bolanda, ýer ýüzündäki ýaşaýyş derrew kesilýär.
Suw, ýaşaýyş üçin diňe bir “iýmit” däl, eýsem, ähli biologiki prosesleri herekete getirýän “jan” we “hereketlendiriji güýçdür”.Suwuň ähmiýeti diňe fiziki barlyk bilen çäklenmän, eýsem, adamyň ruhy we medeni durmuşynda hem uly orun tutýar.Köp medeniýetlerde we dinlerde suw arassalygyň, täzelenmegiň we tämizlenmegiň nyşany hökmünde ulanylýar (mysal üçin, däp-dessurlardaky we ybadathanalardaky suw).Suw üýtgeşik häsiýetlere eýedir — ol buza döwüp berkemegi, buga öwrülip ýokary galmagy ýa-da suwuklygy bilen hereket etmegi başarýar. Bu aýratynlyk filosoflara suwuň durnuklylygy we üýtgeýjiligi birleşdirýän serişdedigini düşünmäge kömek edipdir.
Häzirki döwürde, daşky gurşaw meseleleriniň artmagy bilen, arassa suw çeşmelerini goramak adamzadyň öňündäki iň möhüm meseleleriň biridir. Suw serişdelerini aýawly ulanmak, gelejek nesilleriň sagdyn we abadan ýaşamagy üçin esasy wezipe bolup durýar.
Diýmek, suw:
Ýaşaýşyň başlangyjydyr.
Bedeniň janydyr.
Ruhy tämizligiň çeşmesidir.
Ol biziň ählimizi birleşdirýän we biziň barlygymyzyň esasy şertidir.
Agaýewa Jeren
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 119-njy toparynyň talyby

RU












