Türkiýäniň Egeý deňzi kenarynda, Izmir şäheriniň golaýynda ýerleşýän Alaçaty, diňe bir syýahatçylyk merkezi däl, eýsem hakyky bir ertekiler dünýäsidir. Özüniň taryhy dokusy, ak reňkli daş jaýlary we reňbe-reň gül açan darajyk köçeleri bilen bu şäherçe her ýyl müňlerçe adamyň kalbyny heýjana göterýàr.Alaçatyny beýleki ýerlerden tapawutlandyrýan iň uly aýratynlyk, onuň gadymy Rum binagärligi esasynda gurlan daş jaýlarydyr. Bu jaýlar diňe bir owadanlygy üçin däl, eýsem ýörite “Alaçaty daşyndan” salynypdyr.Bu täsin daşlar gyşyna ýylyny, tomsuna bolsa salkynlygy saklaýar.

Ak daş diwarlaryň arasyndan görünýän gök, melewşe we ýaşyl reňkli agaç penjireler (jumba) şäherçä aýratyn bir gelşik berýär.Alaçatynyň labirint ýaly darajyk köçelerinde gezelenç etmek, wagt maşynyna münip geçmişe gitmek ýalydyr. Köçeleriň dowamynda jaýlaryň diwarlaryndan aşak sallanyp duran gyzgylt begonwil gülleri we ter-tomus geranlar size hemra bolýar. Bu dar köçeleriň içinde döwrebap sungat galereýalaryna, el işleri satylýan kiçijik dükanlara we antikwar dükanlaryna duş gelmek bolýar.

Alaçatynyň iň meşhur simwoly — 150 ýyldan gowrak taryhy bolan daş ýel degirmenleridir. Şäherçäniň girelgesinde, beýik bir depede ýerleşýän bu degirmenler.Gadym döwürlerde däne üwemek üçin ulanylypdyr.Häzirki wagtda bolsa günüň ýaşyşyny synlamak üçin iň gowy nokatdyr. Gün batanda degirmenleriň töweregi altyn reňke boýalyp, täsin bir manzary döredýär.

Alaçaty diňe bir göze däl, eýsem tagama-da hyzmat edýär.Her ýyl ýazyň başynda geçirilýän bu meşhur festivalda diňe şu sebitde ösýän täsin otlar we tebigy önümler görkezilýär.Bu ýere baranyňyzda meşhur “Damla sakyzly” (damja sakyzly) kofeni we doňdurmany datman gaýtmak bolmaz.

Alaçaty diňe bir taryh däl, eýsem adyndan belli bolşy ýaly “ýelleriň mekanydyr”. Deňziň ýalpaklygy we hemişelik öwsüp duran ýumşak ýeli bu ýeri dünýäniň iň meşhur windsurfing (ýelkenli serfing) merkezleriniň birine öwürdi.Alaçatyny hakyky manysynda duýmak isleseňiz, ony ir bilen, heniz adamlar köçä çykmanzyndan ozal geziň. Şonda siz daş diwarlaryň pynhan sesini we deňizden gelýän salkyn şemalyň owazyny has aýdyň eşidip bilersiňiz.

​Alaçatynyň taryhy jaýlary we oba hojalygy bilen utgaşýan durmuşy, hakykatdan hem adamy başga bir dünýä düşen ýaly duýgyda goýýar. Bu ýerde her bir jaýyň reňki, her bir bagyň ysy we howanyň salkynlygy özboluşly bir sazlaşyk döredýär.Alaçatynyň dar köçelerinde ýöreýän wagtyňyz, gözüňize ilki urýan zat — jaýlaryň ak diwarlary bilen gapy-penjireleriň janly reňkleriniň kontrastydyr. Jaýlar esasan ak reňkli tebigy daşdan salynýar. Bu aklyk diňe bir gözellik däl, eýsem Günüň yssy şöhlelerini yzyna serpikdirip, jaýyň içini salkyn saklamaga kömek edýär. Jaýlaryň ikinji gatynda köçä tarap çykyp duran, “Jumba” diýlip atlandyrylýan agaç balkonlar bar. Olar adatça asman gögi, melewşe, firuze ýa-da ýakymly ýaşyl reňklere boýalýar. Bu reňkler Alaçatynyň “reňkli şäher” diýen adyny tassyklaýar.

Alaçaty özüniň “hiç wagt dynmaýan şemaly” bilen meşhurdyr. Emma bu şemal adamy ýadatmaýar, tersine, iň yssy tomus günlerinde hem teniňe ýakymly salkynlyk berýär.

Şäherçäniň gurluşy we deňizden öwüsýän şemal Alaçatynyň köçelerini hemişe arassa we salkyn saklaýar.Egeý deňziniň beýleki ýerlerinden tapawutlylykda, bu ýerde howa gury we ýakymlydyr, bu bolsa dynç almak we gezelenç etmek üçin iň amatly şertleri döredýär.Alaçatynyň töweregi diňe bir deňiz däl, eýsem bereketi bolan ekerançylyk meýdanlarydyr. Bu ýerde oba hojalygy we tebigat biri-birinden aýrylyp bilmez.Bu ýer dünýäde seýrek duş gelýän sakyz agaçlarynyň watanydyr. Bu agaçlardan alynýan tebigy şire (damja sakyzy) Alaçatynyň meşhur aşhanasynda, süýtli süýjüliklerinde we kofelerinde ulanylýar. Şäheriň golaýyndaky asyrlyk zeýtun baglary oba hojalygynyň esasyny düzýär. Irden saçaga goýulýan täze sykylyp alnan zeýtun ýagy we dürli görnüşli zeýtunlar sebitiň hakyky tagamydyr.Alaçatylylar tebigatda ösýän ýabany otlardan (radika, şewketi-bostan we ş.m.) täsin tagamlar taýýarlamakda ussatdyrlar. Her bir dükanyň ýa-da restoranyň öňünde bu ter otlary görmek bolýar.Alaçatydaky ikigatly jaýlaryň köpüsiniň arka tarapynda gizlin, täsin howlulary bar. Köne daş diwarlaryň düýbünde ýerleşýän kiçijik baglar we limon agaçlary maşgala agşamlarynyň iň ýakymly künjegidir.

​Alaçaty — bu diňe bir göz bilen görülýän däl, eýsem barmaklaryň bilen daşyna degip, burnuň bilen gülüniň ysyny alyp we şemalyňy teniňde duýup bolýan janly bir sungat eseridir.

Aliýewa Mähriban

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby