Özbegistanyň medeni mirasy diýilse, ilki bilen aklyňa gelýän gymmatlyklaryň biri Llazgi tansydyr. Bu tans diňe bir hereketleriň toplumy däl, eýsem, adam ruhunyň, şatlygyň we taryhyň sazlaşygydyr. 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu tans, özüniň täsinligi bilen dünýäni haýrana galdyrýar.

Lazgi tansynyň dörän ýeri Gadymy Horezm topragydyr. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu tansyň taryhy müňlerçe ýyl ozala, otparastlyk döwürlerine çenli gidip ýetýär. Horezm sebitiniň tebigaty, adamlarynyň gylyk-häsiýeti we joşguny bu tansyň her bir hereketinde öz beýanyny tapýar.

Lazgi diňe bir tans däl, ol bir hekaýadyr. Rowayata görä, Lazgi adamyň janlanşyny aňladýar.

​ Tans haýal we titrewük hereketler bilen başlaýar (bu jan girip başlaýan bedeni aňladýar).Soňra barmaklar, bilekler we eginler herekete gelýär.Tansyň ahyrynda tutuş beden örän çalt we ritmik hereket edip, durmuşyň doly güýjünde gaýnap joşýandygyny görkezýär.

​Lazgini beýleki özbek tanslaryndan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar şulardyr.

​Titreme (Daraxt): Bedeniň we elleriň özboluşly titremesi Lazginiň “vizit kartasydyr”.

​Barmaklaryň herketleri: Eller ýokary galdyrylyp, barmaklar örän çalt we çeýe hereket etdirilýär.

​Sazyň ritmi: Lazgi sazy hemişe birmeňzeş ritmde başlap, kem-kemden çaltlanýar. Esasy saz gurallary: dutar, surnaý we doýra.

​Wagt geçdigiçe Lazgi dürli ugurlara bölündi. Häzirki wagtda onuň 9 töweregi görnüşi bar:

​Garmon lazgisi: Garmon saz guralynyň eşidilmegi bilen ýerine ýetirilýän görnüşi.

​Gaýra lazgi: Has çalt we joşgunly hereketleri öz içine alýar.

​Surnaý lazgisi: Baýramçylyklarda we toýlarda surnaýyň owazy bilen tans edilýär.

​Tansçylaryň geýimleri hem aýratyn ünsi çekýär. Zenan tansçylar Horezm sebitine mahsus bolan altyn çaýylan uly şaý-sepleri, zynjyrlary we keşdelenen lybaslary geýýärler. Bu şaý-sepler tans edilende özboluşly bir ses çykaryp, sazyň ritmine goşulýar.Käbir alymlaryň pikiriçe, “Lazgi” sözi “Titremek” ýa-da “Sarsmak” diýmegi aňladýar. 2021-nji ýylda Dubaýda we beýleki uly şäherlerde “Lazgi – Muhabbet we Ot tansy” atly uly balet spektakly görkezildi we uly meşhurlyk gazandy. Özbegistanda, aýratyn hem Horezmde, hiç bir toý Lazgi tansy bolmazdan geçmeýär. Bu tans hemmeleri — çagalardan başlap garrylara çenli — tans meýdançasyna çykarmaga ukyplydyr.

​Lazgi — bu diňe bir tans däl-de, eýsem adamzat ruhunyň iň belent we şadyýan pursatlarynyň bir nyşanydyr.

Kerimbaýew Sapargeldi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby