Myhmansöýerlik — bu diňe bir nahar berip, hezzet-hormat etmek däl, eýsem ol ynsan ruhunyň iň belent we asylly häsiýetleriniň beýanydyr. Dünýäniň köp halklarynda, aýratyn hem Gündogar we türki halklaryň medeniýetinde myhmansöýerlik mukaddes bir ýörelge hökmünde kabul edilýàr.
”Myhman — ataňdan uly” diýen pähimli sözüň dörän topragynda myhmansöýerlik diňe bir däp däl, ol durmuşyň iň esasyny düzýän ýörelgedir. Myhman kabul etmek we oňa hezzet etmek biziň medeniýetimiziň iň belent binasydyr.
Halk arasynda “Myhman gelse, rysgaly bile geler” diýen ynam bar. Öýe gelen myhman şol maşgala üçin täze bir şatlyk, täze bir söhbet we täze bir bereket hasaplanýar. Ene-atanyň myhmana nähili hormat goýýandygyny görüp ösen çaga, geljekde adamkärçilikli, pespäl we sypaýy ynsan bolup ýetişýär. Şol sebäpli, myhmansöýerlik — bu maşgala terbiýesiniň iň täsirli mekdebidir.Türkmen myhmansöýerligini saçaksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gelen myhman tanalsyn-tanatmasyn, öý eýesi ilki bilen onuň öňünde saçak ýazyp, “Duzy-tagamy” hödür edýär. Çörek we duz halkymyzyň iň mukaddes gymmatlyklarynyň biri bolup, olar myhman bilen öý eýesiniň arasyndaky dostlugyň we sarpanyň berkidijisidir.
Myhmansöýerlik dünýäniň dürli künjeklerinde dürliçe görünse-de, biziň sebitimizde ol aýratyn gyzykly aýratynlyklara eýedir.
“Nahar bereniňden, güler ýüz bereniň ýagşydyr” diýlişi ýaly, myhmana berilýän iň uly hezzet — mähirli garşylamakdyr. Myhman bilen gyzykly we manyly gürrüňdeşlik etmek, ony diňlemek hem-de oňa täze maglumatlar bermek iň uly hormatdyr.Gadym döwürlerde sährada adamlaryň gapysy hiç wagt gulplanmandyr. Her bir ýolagçy islendik öýe girip, suw we iýmit tapyp biljekdigine ynanandyr.
Dünýäniň globallaşýan we tehnologiýanyň ösen häzirki wagtynda, ýüzbe-ýüz myhmansöýerlik has-da gymmatly bolup başlady. Sanly aragatnaşygyň köpelen döwründe, dostuňy ýa-da garyndaşyňy öýüňe çagyryp, oňa wagt sarp etmek — bu hakyky dostlugyň we ynsanperwerligiň nyşanydyr.
Myhmansöýerlik — bu ynsan kalplarynyň arasyndaky iň gysga we iň ýagty ýoldur. Biz myhmana hormat goýmak bilen, dilleri, dinleri we medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyrýarys. Goý, her bir öýüň saçagy myhmanly, her bir ynsanyň kalby myhmansöýer bolsun.
Gandymow Orazgeldi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby

RU












