Watan — bu diňe bir çäkleri kesgitlenen toprak däl, eýsem ol müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen medeniýetiň, taryhyň we sungatyň uly bir hazynasydyr. Her bir halkyň özboluşly milli sungaty bolşy ýaly, meniň Watanym hem sungatyň her bir künjeginde öz goýan yzy, özboluşly owazy we reňki bolan mukaddes mekandyr.
Watanyň sungatyny öwrenip başlanyňda, ilki bilen gözüňe gadymy galalar, kümmetler we kerwensaraýlar ilýär. Bu binalar — daşyň we kerpijiň dilinde ýazylan taryhdyr. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nisa galasynyň diwarlaryna seredeniňde, pederlerimiziň gurluşyk sungatynda nähili ussat bolandygyny görýärsiň. Bu binagärlik ýadygärlikleri biziň ruhy gymmatlyklarymyzyň sarsmaz sütünleridir.
Türkmen medeniýeti barada söz açylanda, dünýäni haýrana goýýan halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halydaky her bir göl, her bir nagyş bir rowaýatdyr. Ene-mamalarymyzyň barmaklarynyň ujundan süzülip çykan bu sungat eseri, sabyrlylygyň we gözelligiň simwolydyr. Halynyň reňkleri bolsa tebigatyň we durmuşyň iň owadan pursatlaryny özünde saklaýar.
Watanyň kalbyny diňlemek isleseň, onuň sazyna gulak asmaly. Dutaryň iki taryndan çykýan mukamlar — bu halkyň şatlygy, hasraty, arzuwy we guwanjyndyr. Halypa bagşylarymyzyň ýerine ýetirýän dessanlary we aýdymlary nesilleri biri-birine baglaýan altyn köpürdir. Bu sazlar ynsanyň ruhuny tämizläp, ony beýik maksatlara ruhlandyrýar.
Şu günki günde Watanymyz döwrebap sungatyň hem merkezine öwrüldi. Ak mermerli binalar, medeniýet merkezleri, teatrlarymyz we sergi zallarymyz täze zehinleriň kemala gelýän ýeridir. Suratkeşlerimiziň polotnolarynda, ýazyjylarymyzyň eserlerinde we ýaşlarymyzyň täzeçilliklerinde Watanyň sungatynyň dowamat-dowamdygyny görmek bolýar.Biz — şu beýik mirasyň nesilleri hökmünde, ony gorap saklamagy we dünýä ýaýmagy özümiziň mukaddes borjumyz hasaplamalydyris. Sebäbi sungat bar ýerinde medeniýet bar, medeniýet bar ýerinde bolsa agzybirlik we ösüş bar.
Kadyrow Kadyr
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby

RU












