Psihologiýada adamyň ýörişi — bu onuň häsiýetiniň, şol pursatdaky ruhy ýagdaýynyň we özüne bolan ynamynyň “sessiz” dilidir. Köp adamlar çalt ýöremegi işjeňlik we maksatpederijilik bilen baglanyşdyrsalar-da, ýuwaş ýöremegiň psihologiýa tarapyndan düşündirilýän örän çuň we dürli-dürli manylary bar.
Psihologlaryň pikiriçe, ýuwaş ädimler bilen ýöreýän adamlar adatça durmuşda serasaplylygy hem-de ätiýaçlylygy halaýarlar. Olar her bir ädimini oýlanyşykly ädýärler.
Analitik pikir Bu adamlar bir karara gelmezden ozal ähli taraplary tarazlaýarlar.Ýuwaş ýöreýän adam daş-töweregindäki jikme-jikliklere has köp üns berýär we töweregindäki bolup geçýän zatlary synlamagy söýýär.Bu ilkinji seretmekde geň görnüp biler, ýöne gaty haýal we ynamly ýöriş käte örän ýokary özüne bolan ynamyň nyşanydyr.
”Howlukmaýan” adam Psihologiýada “Statusly ýöriş” diýen düşünje bar. Güýçli we özüne ynanýan adamlar hiç kime subut etjek zady bolmansoň, howlukman ýöreýärler. Olar wagty we durmuşy dolandyryp bilýändiklerini görkezýärler. Adam öz kalbynda arkaýyn we parahat bolsa, onuň bedeni hem arkaýynlaşýar we hereketleri haýallaýar.Ýuwaş ýöreýän adamlar köplenç introwert (öz içki dünýäsine has köp üns berýän) häsiýetli bolýarlar.Olar ýörän wagty daşarky dünýäden üzňeleşip, öz pikirleri, arzuwlary ýa-da meseleleri barada oýlanýarlar. Beden awtomatik ýagdaýda haýallaýar, sebäbi beýni içki dialog bilen meşgullanýar.
Pes energiýa sarp edilişi – Bu adamlar jemgyýetçilik ýerlerinde ünsi özüne çekmezlik we energiýasyny tygşytlamak üçin haýal hereket etmegi saýlap bilýärler.Emma ýuwaş ýöremegiň hemişe oňyn manysy bolman biler. Eger ýöriş ýuwaş bolmak bilen birge, eginler aşak düşen we ädimler agyr bolsa – Bu adamyň durmuşdan ýadandygyny, stresde ýa-da depressiw ýagdaýdadygyny görkezip biler.Özüni durmuşda ynamly duýmaýan ýa-da gorkusy bolan adamlar “kiçelmek” we az ýer tutmak üçin ädimlerini haýalladýarlar.
Tebigy şertlerde ýaş ulaldygyça ýöriş haýallaýar. Psihologik taýdan bu ýagdaý adamyň durmuşyň “tebigy ritmine” uýgunlaşandygyny we indi hiç ýere howlukmagyň manysynyň ýokdugyna göz ýetirendigini aňladýar.
Eger siz haýal ýöreýän bolsaňyz, bu siziň durmuşyňyzyň her bir pursatyndan lezzet alýandygyňyzy ýa-da her bir meseläni çuňňur analiz edýändigiňizi aňladyp biler. Iň esasy zat — ýörişiňiziň siziň içki dünýäňiz bilen sazlaşykly bolmagydyr.
Geldiýew Sahymyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 120-nji toparynyň talyby

RU












