Arkadag şäheriniň binagärlik gözelligi we Täze ýyl bezegleri hakykatdan-da haýrana galdyrýar. Bu täze “akylly” şäher, Täze ýyl baýramynda özboluşly bir ertekiler dünýäsine öwrülýär.Türkmenistanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheri, gyşyň gelmegi we Täze ýylyň golaýlamagy bilen düýbünden başgaça, jadyly keşbe girýär. Ak mermerli binalaryň garyň aklygy bilen utgaşmagy, şäheri hakyky bir gyş ertekisine öwürýär.Arkadag şäheriniň baş meýdançasynda dikeldilen äpet Täze ýyl arçasy, şäheriň Täze ýyl keşbiniň kalbydyr. Müňlerçe reňkli çyralar, oýunjaklar we yşyklandyryş ulgamlary bilen bezelen bu arça, gijelerine şäheriň ak mermerli diwarlaryna lowurdawuk şöhle saçýar.

​ Akylly şäher tehnologiýalarynyň kömegi bilen binalaryň ýüzünde döredilýän yşyk effektleri baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.Köçeleriň ugrundaky yşyklandyryş sütünleri we agaçlar “ýyldyzly asmany” ýatladýan çyralar bilen bezelen.

​Arkadag şäheriniň özboluşly aýratynlygy — onuň aklygydyr. Ýere gar düşen wagty, binalaryň ak mermeri bilen garyň aklygy goşulyşyp, göz öňüňde tüýs bir “Ak Şäher” keşbini janlandyrýar. Bu owadanlygy  synlanyňda, özüňi hakyky bir gyş ertekisiniň gahrymany ýaly duýýarsyň.Şäheriň medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerinde guralýan Täze ýyl dabaralary çagalar üçin iň garaşylýan pursatdyr.Arkadag şäheriniň döwrebap teatrlarynda we meýdançalarynda çagalar üçin ýörite oýunlar, sowgatlar we erteki gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky dabaralar dowam edýär.Şäherdäki sport toplumlarynda çagalaryň we ýaşlaryň ýatdan çykmajak oýunlarny döretmeklik  şertleri baýramyň şatlygyny artdyrýar.Arkadag şäheri diňe bir gözellik däl, eýsem amatlylykdyr. Baýramçylyk günlerinde jemgyýetçilik ulaglary (elektrobuslar) bökdençsiz işleýär, “akylly” ulgamlar arkaly baýramçylyk çäreleri barada maglumatlary tiz alyp bolýar. Bu bolsa şäherlileriň we myhmanlaryň baýramy asuda we şadyýan geçirmegine ýardam edýär.

 Arkadag şäheri özüniň ajaýyp binagärligi we baýramçylyk bezegleri bilen her bir ynsanyň kalbynda ýakymly ýatlamalar galdyrýar. Bu şäher — täze eýýamyň, bagtyýarlygyň we Täze ýyl arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanydyr.

Bäşimow Kakamyrat

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby