Aşgabat — bu diňe bir Türkmenistanyň paýtagty däl, eýsem ak mermerli binalaryň, bagtyýarlygyň we täsin gözelligiň şäheridir. Bu şäher her bir myhmany özüniň tämizligi, dury asmany we ak gar ýaly lowurdaýan keşbi bilen haýran galdyrýar.
Aşgabat — sebitdäki iň owadan şäherleriň biri bolup, ol özüniň binagärlik keşbi bilen dünýäni haýran galdyrýar. Ginnesiň rekordlar kitabyna “Dünýäniň iň köp ak mermerli binaly şäheri” hökmünde giren paýtagtymyz, hakykatdan hem gündizine Günüň nury bilen ýalkym saçsa, gijesine bolsa dürli reňkli yşyklar bilen lowurdaýan jadyly dünýäni ýada salýar.
Aşgabadyň köçeleri bilen ýöräniňde, özüňi örän rahat we asuda duýýarsyňyz. Şäheriň her bir künjeginde oturdylan pürli baglar, owadan seýilgähler we biri-birinden kaşaň suw çüwdürimleri adamyň ruhuny göterýär. “Ylham” seýilgähi, “Garaşsyzlyk” seýilgähi ýaly künjekler paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Paýtagtymyzyň binalary diňe bir daşky keşbi bilen däl, eýsem özboluşly dizaýny bilen hem tapawutlanýar.
Älem medeni-dynç alyş merkezi: Dünýäde iň uly ýapyk görnüşli syn ediş çarhy.
Oguzhan we Ogullary suw-fontan toplumy: Şäheriň girelgesinde myhmanlary garşylaýan bu ajaýyp desga dabaralylygyň nyşanydyr.
Bagt köşgi: Durmuş gurýan ýaşlaryň iň bagtly pursatlaryna şaýat bolýan, älemgoşar ýaly öwüsýän bina.
Aşgabat — bu ak göni ýollaryň we ak niýetli adamlaryň şäheri. Bu ýerde milli däp-dessurlar döwrebaplyk bilen sazlaşykly utgaşýar. Paýtagtymyzyň belent binalarynyň aňyrsynda Köpetdagyň salkyn şemaly we türkmen halkynyň giň göwrümli myhmanpärzerligi duýulýar.
Aşgabat — bu biziň geçmişimize bolan hormatymyz, şu günümiziň buýsanjy we geljegimize bolan ynamymyzdyr. Ol bagtyň we gözelligiň şäheri hökmünde kalplarda ebedi orun alýar.
Babamyradow Begmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












