Ynsan ömrüniň iň arassa, iň päkize pursatlary sallançak başynda, enäniň mähirli hüwdüsi bilen başlanýar. Hüwdi — bu diňe bir uky getirýän heň däl, eýsem enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsiniň, geljege bolan umytlarynyň we ak arzuwlarynyň sazlaşykly beýanydyr. Ol çaganyň ruhy dünýäsiniň ilkinji binýadydyr.

Häzirki zaman psihologiýasy we pedagogikasy hüwdüniň çaganyň ösüşine edýän täsirini uly gyzyklanma bilen öwrenýär. Enäniň hüwdüsi bäbegiň nerw ulgamyny rahatlandyrýan iň güýçli serişdedir. Çaga heniz sözleriň manysyna düşünmese-de, enäniň sesindäki mähiri, ynamy we parahatçylygy duýýar. Hüwdi bilen ulalan çaganyň ruhy dünýäsi has berk bolýar; olarda gorku we ynjalyksyzlyk az duş gelýär. Bu owaz çaga “Sen ýalňyz däl, sen goralan, seni söýýärler” diýen ynamy berýär.Türkmen hüwdüleriniň mazmunynda uly bir durmuş pelsepesi ýatyr. Ene sallançak yrgyldysynyň ritmine goşup, öz perzendiniň ykbalyna ýazjak iň gowy sypatlaryny sanap geçýär:

​ “Meniň oglum alyp bolar, at münüp sapa geler…” diýen setirler arkaly ene çagasynyň kalbyna heniz kiçijikkä batyrlyk, mertlik we il-güne peýdaly ynsan bolmak pikirini guýýar.Gyz çagalara aýdylýan hüwdülerde bolsa päkilik, edep-ekram, mähirlilik we el hünäri ýaly asylly häsiýetler wasp edilýär.Şunlukda, hüwdi çaganyň aňyastynda kemala gelýän ilkinji “terbiýeçilik maksatnamasydyr”.Hüwdi diňe bir aýdym däl, ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda süzülip gelen medeni mirasydyr. Ene öz enesinden eşiden, taryhyň jümmüşinden gelýän şol mukaddes heňi öz perzendine geçirýär. Bu bolsa nesilleriň arasyndaky ruhy arabaglanyşygy üpjün edýär. Öz milli hüwdüsi bilen ukyga giden çaga, öz köklerine, diline we däp-dessurlaryna has ýakyn bolup ýetişýär.

Bagtly ömür — bu mähir bilen gurşalan ömürdir. Sallançak başynda enäniň hüwdüsinden ganan ynsan, durmuşyň iň kyn pursatlarynda hem şol mähiriň berýän içki güýjüne daýanýar. Çünki şol owaz onuň aňynda “durmuş owadan, durmuş bagtly” diýen ilkinji duýguny oýarypdyry.

Hüwdi — ynsan kalbynyň galkan dermanasydyr. Enelerimiziň mähirli owazy we sallançagyň yrgyldysy biziň bagtly geljegimiziň, ruhy sagdynlygymyzyň we dowamatymyzyň baky kepilidir. Goý, dünýäniň ähli künjeginde sallançaklar yrgylasyn we mähirli hüwdüler hiç wagt kesilmesin!

Orazmämmedowa Merýem

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby