Käşir — bu diňe bir naharlaryň bezegi bolman, eýsem adam bedeniniň ähli ulgamlaryna oňyn täsir edýän “witaminler ammarydyr”. Onuň dermanlyk häsiýetleri gadymy döwürlerden bäri mälim bolup, häzirki zaman ylmy hem käşiriň saglyk üçin zerurdygyny tassyklaýar.

​Käşir barada aýdylanda ilkinji bolup onuň göz üçin peýdasy ýada düşýär.Käşiriň düzümi beta-karotine örän baýdyr. Bedenimiz bu maddany A witaminine öwürýär. A witamini gözüň torly gatlagyny goraýar we pes ýagtylykda görme ukybyny gowulandyrýar.Käşirde bar bolan lutein we zeaksantin antioksidantlary ýaş bilen bagly göz keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar.Eger deriniňiziň parlaýan we sagdyn bolmagyny isleseňiz, käşir iň gowy tebigy kosmetikadyr.Düzümindäki karotinoidler derini ultrameňewşe şöhleleriniň zyýanyndan goraýar. Antioksidantlar öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alyp, gyryşlaryň wagtyndan öň döremegini bökdeýär.A witamini deriniň täzelenmegine we kiçi ýaralaryň çalt bitmegine ýardam edýär.

Käşir düzümindäki süýümler (kletçatka) sebäpli aşgazan-içege ulgamynyň “süpürgijidir”. Içegeleriň kadaly işlemegini üpjün edýär.Bedenden zyýanly galyndylaryň çykmagyna kömek edýär.Käşir ýürek-damar ulgamyny goraýan kaliý we dürli antioksidantlara baýdyr.Käşiriň düzümindäki erän süýümler ganda holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär. Kaliý damarlaryň dartgynlylygyny azaldyp, gan basyşyny kadalaşdyrýar.Käşirde bar bolan C witamini we beýleki minerallar bedeniň goranyş ulgamyny güýçlendirýär. Ol infeksiýalara garşy göreşmekde bedene goşmaça güýç berýär.

​Käşiriň düzümindäki A witamini ýagda ereýän witamindir. Bu diýmek, eger siz käşiri ýönekeý özüni iýseňiz, onuň peýdasynyň diňe azajyk bölegi bedene siňer.Käşiriň ýanyna hökman birneme ösümlik ýagyny (zeýtun ýa-da günebakar) ýa-da gaýmak (smetana) goşuň.Käşiri gyrgyçdan geçirip iýmek, onuň düzümindäki peýdaly maddalaryň bedene siňmegini aňsatlaşdyrýar.Käşiri az-kem buglap bişirmek hem beta-karotiniň siňňitligini artdyrýar. Eger günde juda köp käşir iýilse, deriniň reňki sarymtyl-mämişi bolup biler (karotenemiýa). Bu gorkuly däl, emma mukdary azaltmalydygyny görkezýär. Bişirilen käşiriň glikemik indeksi ýokary bolup biler, şonuň üçin süýji keseli bar bolanlar ony çigligine iýse has gowudyr.

Haýtbaýewa Göwher

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby