Wagt diýen gämimiz ýylyň soňky menzilinden täze bir menzile tarap ýüzüp barýarka, her birimiziň kalbymyzda geň bir tolgunma döreýär. Täze ýyl — bu diňe bir wagtyň geçişi däl, eýsem, köne ýylyň tejribelerini ýygnap, täze umytlaryň ak ýoluna çykmak pursatydyr.
Türkmenistanda Täze ýyl özüniň ak gary, ak mermerli binalary we ak arzuwlary bilen “ak ýol” düşünjesini has-da dabaralandyrýar.Täze ýyla girenimizde, biz köne ýylyň gussasyny, ýadawlygyny arkada galdyryp, täze meýilnamalar bilen ak ýola gadam basýarys.Ak ýol — bu entek ýazylmadyk ak kagyza meňzeýär. Biz öz üstünliklerimizi, ýeten sepgitlerimizi we bagtly pursatlarymyzy şol kagyzda özümiz ýazmaly.
Täze ýylyň her bir sekundy täze bir umydy özünde göterýär. Çagalar Aýaz babadan täsin sowgatlary tama etseler, ulular maşgala agzybirligini, jan saglygyny we işlerinde rowaçlygy arzuw edýärler.
Ata-babalaramyz “Niýet — ýarym döwlet” diýipdirler. Täze ýylyň ilkinji günlerinde edilen ak niýetler we umytlar, tutuş ýylyň bereketli bolmagyna itergi berýär.Ak ýola çykan ynsan öňüne uly maksatlary goýýar. Bu ýol bizi täze bilimlere, täze dostluklara we täze üstünliklere alyp barýan ruhy geçelgedir.
Berkarar döwletimiziň Täze ýyldaky ak ýoly has-da nurly we aýdyňdyr. Ýurdumyzyň her bir künjeginde gurlan döwrebap binalar, amala aşyrylýan iri taslamalar halkymyzyň täze ýyldaky bagtly durmuşynyň kepilidir.Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň baýramçylyk dizaýny, asmandaky feýerwerkleriň öwüşgini ak ýoly has-da röwşenlendirýär.Bütin halk bolup Täze ýyly garşylamagyň özi agzybirligiň iň uly görkezijisidir. Bu agzybirlik biziň iň esasy “ak ýolymyzdyr”.Sagat 12:00 bolanda, köneden täzä geçilýän şol gysga pursatda bütin dünýäde millionlarça adam şol bir zady — bagty we parahatçylygy diläýär. Şol wagtda ak ýol hakyky manyda açylýar. Çyralaryň ýalpyldysy, dostlaryň gutlaglary we doganlaryň mähri şol ýoly yşyklandyrýan nurlardyr.
Täze ýyl — bu biziň ýüregimizdäki täze umytlaryň, täze ýeňişleriň we täze başlangyçlaryň ak ýoludyr. Goý, bu ak ýol her birimiz üçin dury, arassa we şöhratly bolsun! Her bir ädimiňiz sizi bagtyň iň belent mertebesine ýetirsin.
Täze ýylyňyz ak ýollardan, ak günlerden we ak arzuwlardan doly bolsun!
Gurbanmyradow Mülkaman
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












