Senenamanyň soňky sahypasy ýapylyp, täze bir sahypanyň açylmagyna sanlyja pursatlar galanda, bütin dünýä jadyly bir ümsümlige we şol bir wagtyň özünde dabaraly joşguna beslenýär. Emma Türkmenistanda bu gije diňe bir wagt çalşygy däl, eýsem, ak mermerli binalaryň altyn yşyklar bilen utgaşýan, ak gar bilen arassalygyň nyşanyna öwrülýän özboluşly bir sungat eseridir.
Gyş paslynyň iň uly sowgady bolan ak gar, Täze ýyl gijesine aýratyn bir ruhy pespällik we gözellik berýär.Gökdepäniň daglaryndan başlap, Garagumuň baýyrlaryna çenli ýaýylyp ýatan ak garlar, täze ýylyň ak arzuwlar bilen gelýändiginiň buşlukçysydyr.Garly gije çagalaryň şadyýan sesleri, gar adamlarynyň ýasalmagy we her bir düşýän gar dänesiniň täze bir umydyň nyşany hökmünde garşylanmagy, baýramyň jadyly güýjüni artdyrýar.
Aşgabadyň gijeki keşbi Täze ýyl dabaralarynda bütinleý üýtgeýär. Altyn öwüşginli çyralar ak mermerli binalaryň ýalpyldysyny has-da dabaralandyrýar. Şaýollaryň ugrundaky dürli reňkli yşyklandyryjylar, seýilgählerdäki çyralar we binalaryň ýüzündäki yşykly bezegler “Jan Watanym Türkmenistan!” diýen sena bolup ýaňlanýan ýaly duýulýar.
Müňlerçe çyrajyklar bilen bezelen Baş arçanyň depesindäki altyn ýyldyz, asmandaky ýyldyzlar bilen bäsleşýän ýaly bolup görünýär. Bu yşyklar her bir ynsanyň kalbyndaky geljege bolan ynamy nurlandyrýar.Täze ýyl gijesi köçelere çykan adamlaryň ýüzündäki ýylgyryşlar, biri-birine berýän gutlaglary we maşgala bolup gezelenç edilmegi, döwletimiziň iň uly baýlygy bolan agzybirligi görkezýär. Ata-babalarymyzdan gelýän myhmanperwerlik däpleri bu gije has-da dabaralanýar. Her bir ädim, her bir “Bagtyýar Gadam” parahatçylygyň we abadanlygyň nyşanydyr.Ýaşlaryň joşguny, ýaşulularyň ak patasy bilen birleşip, täze ýylyň il-günümiz, Watanymyz üçin has-da düşümli boljakdygyna güwä geçýär.Gije sagat 00:00-da asmana atylýan dürli reňkli (atylgyçlar) “Ak Gar, Altyn Çyralar” temasynyň iň ýokary nokadydyr. Garaňky asmanyň ýüzi güllere ýyldyzlara bürenen ýaly bolup, her bir atylan yşyk halkymyzyň täze bir üstünliginiň nyşany bolup şöhlelenýär.
Täze ýyl gijesi — bu diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, ruhy galkynyşdyr. Ak garyň tämizligi, altyn çyralaryň nury we bagtyýar halkymyzyň ynamly gadamlary bitewülikde biziň berkarar döwletimiziň beýik geljegini suratlandyrýar. Goý, her bir täze ädimimiz rowaçlyklara beslensin!
Babalyýewa Aýsoltan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby

RU












