“Durmuş näme?” diýen sowal adamzat döräli bäri iň köp berilýän, emma jogaby her kes üçin dürliçe bolan we yzy üzülmeýän soragdyr. Durmuş — bu diňe bir dem almak däl-de, eýsem duýgularyň, pursatlaryň, tejribeleriň we ösüşiň çylşyrymly bir bilesigeliji akymydyr.
Durmuşy uly bir mekdep hökmünde göz öňüne getirmek bolar. Biz bu ýere diňe ýaşap geçmek üçin däl, eýsem öwrenmek üçin gelýäris. Her bir kynçylyk — bu täze bir ders, her bir üstünlik bolsa zähmetiň netijesidir. Durmuş bize sabyrly bolmagy, söýmegi, bagyşlamagy we iň esasy zat — özüňi tanamagy öwredýär.
Durmuş diňe bir geçmişiň ýatlamalaryndan ýa-da geljegiň hyýallaryndan ybarat däl. Ol edil şu pursatdyr. Köplenç biz “ertir gowy bolar” diýip garaşyp, şu günüň gözelligini ýitirýäris. Aslynda bolsa, durmuş — häzirki wagtda içýän bir käse çaýyň tagamynda, dostuň bilen edilen samymy söhbetde we penjireden düşýän gün şöhlesindedir.
Her gün biz müňlerçe saýlawyň öňünde durýarys. Nähili geýinmelisinden başlap, nähili adam bolmalydygyna çenli. Biziň durmuşymyzyň hili — kabul edýän kararlarymyzyň netijesidir. Şonuň üçin hem durmuş — bu biziň öz ellerimiz bilen guran binamyzdyr.
Tebigata serediň pasyllaryň çalyşmagy, günüň dogmagy we ýaşmagy, gülüň açylmagy… Bular durmuşyň ritmidir. Durmuşyň aslynda uly bir düzgün we gözellik bar. Adam bu gözelligi görüp, ony gorap we oňa goşant goşup bilse, durmuşyň hakyky manysyna has ýakynlaşýar.
Durmuş — bu taýýar bir formula däl-de, her kimiň özi ýazmaly bolan kitabydyr. Onuň sahypalaryny haýsy reňkler bilen boýajagyňyz size bagly. Kimdir biri üçin durmuş göreş bolsa, başga biri üçin ol tansdyr. Iň esasy zat, durmuşyň soňunda “men hakykatdan hem ýaşadym” diýip bilmekdir.
”Durmuş — bu size berlen iň uly sowgatdyr. Ony açyň, öwreniň we her bir sekuntunyň gadyryny biliň.”
Jumaýewa Abadan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












