Türkmen halkynyň pähim-paýhasa ýugrulan atalar sözleri asyrlaryň tejribesini özünde jemleýär. “Göçjek diýip odunlygyňy ýakma, guýy göründi diýip suwuňy dökme” diýen nakyl bolsa adamzadyň öňdebaryjy strategik meýilleşdirişini, ätiýaçlylygyny we sabyrlylygyny dabaralandyrýan iň täsirli jümleleriň biridir.
Bu atalar sözi iki sany esasy durmuşy ýagdaýy mysal getirmek bilen, adamyň geljege bolan garaýşyny terbiýeleýär. Onuň aňyrsynda uly bir paýhas we seresaplylyk ýatyr.Bu bölekde täze bir başlangyja başlanyňda köne we ygtybarly mümkinçilikleri sarsdyrmaly däldigi ündelýär.
”Göçjek” diýmek entek göçdüň diýmek däl. Täze öýüňe ýa-da täze maksadyňa doly ýetmänkäň, häzirki bar bolan gorlaryňy sowurmak akylsyzlykdyr. Odunlyk – bu seniň häzirki ýylylygyň we rysk-berekediňdir. Gelejekdäki meýilnamalaryň hatyrasyna şu günki rahatlygyňy we maddy binýadyňy ýok etmek dogry däldir.Bu jümle sabyrlylygyň we netijäni gözüň bilen görmän, öňünden uly gürlemeli däldigiň nyşanydyr.
Guýynyň görünmegi, onda hökman suw bardygyny ýa-da şol suwuň içmäge ýaramlydygyny aňlatmaýar. Guýa ýetip, ondan gabyňy doldurýançaň, elindäki bar bolan suwuň (resursyň) gadyryny bilmelidir.Durmuşda köp adamlar täze bir işiň ujy görnen badyna, öňki gazananlaryny taşlaýarlar. Bu bolsa köplenç garaşylmadyk kynçylyklarda adamy çykalgasyz ýagdaýda goýýar.
“Guýy göründi diýip suwuňy dökmek” – bu ynamlylygyň däl-de, durnuksyzlygyň alamaty diýip kabul edilýär. Türkmen halky bu pähim arkaly adamy hemişe aýagyny ýere berk basmaga, hyýaly zatlara däl-de, hakyky netijelere bil baglamaga çagyrýar. Her bir ädimiň we her bir kararyň dowamlylygy, seniň eliňdäki bar bolan mümkinçilikleri nähili tygşytly ulanýandygyňa baglydyr.
Saparowa Annasoltan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












