“Ähli zady oňatlyga ýormak” — bu diňe bir özüňi köşeşdirmek däl, eýsem durmuşyň iň uly filosofiýalarynyň biridir. Halkymyzda “Gowy niýet — ýarym döwlet” diýilýän ajaýyp pähim bar. Bu jümle biziň içki dünýämiziň daşky dünýämize nähili täsir edýändiginiň gysgaça beýanydyr.
Gurbannazar Ezizowyň bu meşhur setirleri diňe bir şahyrana däl, eýsem uly bir durmuş pelsepesidir. “Onarsaň bar zady onatlyga ýor, belkide ýorgudyň ýerine düşer” diýen jümleler biziň pikirlerimiziň we garaýyşlarymyzyň durmuşymyzy nähili şekillendirýändigi barada çuňňur oýlanmaga mejbur edýär.Şahyryň bu setirleri bize durmuşda “umytly bolmagy” öwredýär. Her bir garaňky gijäniň yzynda ýagty ertiriň bardygyna ynanmak we şol ynam bilen ýaşamak adamynyň iň uly baýlygydyr. Ýorgudyňyz elmydama gowulyga bolsun.
Alymlaryň we psihologlaryň pikiriçe, biziň pikirlerimiz belli bir energiýa eýedir. Haçan-da biz bolup geçen bir wakany “oňatlyga” ýoranymyzda, beýnimize “çykalga gözle” diýen buýrugy berýäris. Eger “bu bir betbagtçylyk” diýsek, beýni diňe gaýgy we ejir çekmek bilen meşgullanýar.
Meselem: Işiňizden çykaryldyňyz. Ony “rysgalymyň başga ýerde boldugydyr, belki has gowy işe gapy açylýandyr” diýip ýorsaňyz, siz täze mümkinçilikleri görüp başlarsyňyz.
Halk arasynda “Ýagşy niýet — ýagşy ýoldaş” diýilýär. Psihologiýada muňa “Öz-özüni amala aşyrýan çaklama” (Self-fulfilling prophecy) diýilýär. Siz bir zada gowy garaşsaňyz, ahyrky derejede şol oňat netijäniň bolmagy üçin hereket edip başlaýarsyňyz. Netijede, ýorgudyňyz hakykatdan hem hasyl bolýar.
Bar zady oňatlyga ýormak — bu sabyrlylygyň iň ýokary derejesidir. Bu kynçylygy görmezlikden gelmek däl, eýsem şol kynçylygyň aňyrsynda gizlenen “haýyry” görüp bilmek ukybydyr. Bu usul adamy stressden, artykmaç sarygyrmalardan we göripçilikden goraýar.
Siz durmuşyňyzy nähili görseňiz, ol hem size şeýle jogap berer. Eger siz töweregiňize “ähli zat gowy bolar” diýen äýnek bilen seretseñiz, hatda iň garaňky gijäniň hem bir ýagty ertiriniñ bardygyna göz ýetirersiňiz.
Aslynda, her bir kynçylyk — bu üstüni reňk basan bir sowgatdyr. Ony oňatlyga ýorup, reňkini aýyrsaňyz, içinden hökman bir gowulyk çykar.
Şonuň üçin, hemişe ýagşy niýetde boluň, çünki ýürekdäki niýet — ertirki günüňiziň binýadydyr.
Şammedow Röwşen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












