Adamzat müňlerçe ýyl bäri tebigatyň kämil dizaýnlaryny we funksiýalaryny öwrenip, iň çylşyrymly inženerçilik meselelerini çözmekde ondan ylham alýar. Tebigat — dünýäniň iň uly we iň tejribeli barlaghanasydyr.
Ýaponiýanyň meşhur “bullet train” (ok-otlusy) ilkinji gezek gurlanynda, ol tunellerden örän uly ses (partlama meňzeş ses) bilen çykýardy. Inženerler bu meseläni çözmek üçin durnabalygynyň kellesine we tumşugyna üns berdiler. Bu guş suwa giren pursatynda hiç hili şatyrdy ýa-da tolkun döretmeýär.
Otlynyň öň tarapyny durnabalygynyň tumşugyna meňzetdiler. Bu diňe bir sesi azaltman, eýsem otlynyň 10% çalt gitmegine we 15% az energiýa sarp etmegine sebäp boldy.
Ýel generatorlary we Kitler
Äpet ýel generatorlarynyň parraklarynyň dizaýny kambur kitleriň (humpback whales) galkanyndan ylham alnyp döredildi.Kitleriň galkanlarynyň öň tarapyndaky kiçijik bürrejikler olara suwuň içinde has çalasyn hereket etmäge kömek edýär.Ýel generatorlarynyň parraklaryna şuňa meňzeş “bürreler” goşulanda, olaryň netijeliligi we pes ýelde hem aýlanmak ukyby düýpli ýokarlandy.
Termitleriň öýi we Akylly binalar
Zimbabwe-daky “Eastgate” söwda merkezi hiç hili emeli kondisioner ulgamy bolmazdan öz-özüni sowadýan dünýäniň ilkinji binalaryndan biridir. Binagär Mik Pirs munuň üçin termitleriň öýüni nusga aldy.
Termitleriň öýleri çölüň yssy howasynda-da içerini elmydama durnukly temperaturada saklaýan çylşyrymly wentilýasiýa kanallaryna eýedir.
Binada termitleriňki ýaly howa akymlaryny dolandyrýan kanallar guruldy we bu adaty binalardan 90% az energiýa sarp edýär.
Gidrofob materiallar we Lotos gülüniň täsiri
Lotos gülüniň ýapraklary her hili palçygyň we hapa suwuň içinde össe-de, elmydama tämiz durýar. Bu özboluşlylyk “lotos täsiri” diýlip atlandyrylýar.Ýapragyň ýüzi örän kiçijik ösüntgiler bilen örtülen bolup, suw damjalarynyň ýapyşmagyna ýol bermeýär. Bu tehnologiýanyň esasynda öz-özüni arassalaýan boýaglar, suw geçirmeýän matalar we hatda gün panelleriniň arassalygy üçin ýörite örtükler döredildi.
Köpekbalygy we Antiseptik örtükler
Köpekbalyklarynyň derisi diňe bir tizlige hyzmat etmän, eýsem onuň ýüzünde hiç hili bakteriýanyň ýa-da suw otynyň köpelmegine ýol bermeýär.Deriniň gurluşy gowşak bakteriýalaryň ýapyşyp bilmejek çylşyrymly “almaz” görnüşli nagyşlardan ybarat.Häzirki wagtda hassahanalarda we lukmançylyk enjamlarynda himiki serişde ulanman, diňe fiziki gurluşy arkaly bakteriýalary saklaýan “Sharklet” atly örtükler ulanylýar.
Tebigatdan nusga alýan innowasiýalar bize iň netijeli inženerçilik çözgütleriniň eýýäm töregereklerimizde bardygyny görkezýär. Biomimikriýa — bu geljegiň tehnologiýasydyr, çünki ol tebigat bilen söweşmegi däl, eýsem ondan öwrenmegi ündeýär.
Bekeýew Kerim
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby

RU












