Dünýäde iň arassa, iň dury we iň sadyýan ses näme diýseler, hiç hili ikirjiňlenmezden “çaga gülküsi” diýip jogap bererdik. Sebäbi çaganyň gülküsi diňe bir şatlygyň alamaty däl, eýsem ol parahatçylygyň, ynamyň we durmuşyň dowamatlylygynyň iň uly subutnamasydyr. Halkymyzda: “Çaganyň gülküsi ýaňlanýan öýünde bereket bar, çaganyň gülküsi ýaňlanýan ýurdunda bolsa bagtly geljek bar” diýen pähimli sözleriň aňrysynda örän çuňňur many ýatyr.
Maşgala — bu jemgyýetiň düýbi, kiçijik bir dünýä. Şol dünýäniň iň uly baýlygy, iň gymmatly hazynasy bolsa çagalardyr. Çagaly öýde durmuş janlydyr, onda her gün täze bir başdan geçirmeler, gyzykly pursatlar dowam edýär. Çaganyň birje gezek ýürekden gülmegi ene-atanyň günden-güne artýan aladalaryny ýuwup gidýär, ýüreklerdäki mähri has-da artdyrýar.
Akyldarlaryñ aýdyşy ýaly, çaga sesine baý bolan öýde hemişe rysgal-bereket höküm sürýär. Sebäbi çaga — bu ylahy bir peşgeşdir. Onuň sadyýanlygy öýüň içindäki agzybirligi berkidýär, maşgala agzalaryny bir-birine has-da ysnyşdyrýar. Şonuň üçin hem pederlerimiz: “Çagaly öý — bazar, çagasyz öý — mazar” diýen pàhimi ýöne ýere aýtmandyrlar.
Emma çaganyň diňe bir öýde däl, eýsem tutuş bir ýurduň çäginde şadyýan bolmagy has uly ähmiýete eýedir. Ýurtda çagalaryň gülküsiniň belentden ýaňlanmagy — şol ýurduň parahatdygynyň, ykdysady taýdan kuwwatydygynyň we durmuşyň durnuklylygynyň nyşanydyr.
”Täze özgerişlikler mekany” bolan eziz Diýarymyzda çagalaryň iň döwrebap şertlerde bilim almagy, sagdyn ösmegi we bagtyýar bolmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Her ýyl ulanmaga berilýän täze çagalar baglary, “akylly” tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler, sport meýdançalary we dynç alyş merkezleri çagalarymyzyň zehininiň açylmagy üçin giň mümkinçilikler döredýär. Arkadag şäheri ýaly innowasion taslamalar bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap şertlerde kemala gelmegine uly itergi berýär.
Bagtly çagalyk diňe bir gowy oýunçak ýa-da owadan eşik däl. Bu ilkinji nobatda mähir, söýgi we sagdynlykdyr. Döwletimiz tarapyndan “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň” döredilmegi, her bir çaganyň şatlygynyň döwlet ünsüniň merkezindediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol gaznanyň kömegi bilen saglygyny dikelden her bir çaganyň ýüzündäki ýylgyryş — bu tutuş bir milletiň ýeňşidir.
Sagdyn we bagtyýar çagalar kemala gelende ýurduň geljegini hem şatlykly we nurly gurýarlar. Çaganyň döredijilikli we şadyýan bolmagy onuň geljekde ökde inžener, lukman, mugallym ýa-da sungat işgäri bolup ýetişmegine zemin döredýär.
Netijede, çaganyň her bir gülküsi bizi täze işlere, täze ösüşlere ruhlandyrýar. Çaga gülküsi ýaňlanýan ýurtda asuda asman bar, dury ertirler bar. Goý, biziň güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde çagalaryň sadyýan sesleri hemişe belentden ýaňlansyn! Çagalaryň gülküsi dünýäni bezemegini dowam etsin, sebäbi şol gülküler biziň ertirki günümiziň iň uly kepilidir.
Suhanowa Gülsoltan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 123-nji toparynyň talyby

RU












