Adaty bir galam — bu diňe bir ýazuw guraly däl-de, eýsem bütin bir äleme açylýan jadyly gapydyr. Suratkeşiň elinde ol galam janlanýar we ak kagyzyň ýüzünde täze dünýäleri, şäherleri, adamlary we duýgulary döredýär. “Galamyň ujundaky dünýä” diýenimizde, biz ynsan hyýalynyň çäksizligini we şol hyýalyň maddy keşbe geçişini göz öňüne getirýäris.
Galam — iň sada, emma iň güýçli sungat guralydyr. Ol hiç hili çylşyrymly tehnologiýa ýa-da elektrik energiýasyna mätäç däl. Diňe bir galam we bir bölek kagyz arkaly nakgaş bütin bir taryhy janlandyryp bilýär.Her bir uly eser ýekeje çyzykdan başlanýar. Şol çyzyk bolsa galamyň ujunda döräp, kem-kemden uly bir kompozisiýa öwrülýär.
Galam arkaly döredilýän dünýä köplenç reňksizdir, emma ol reňkli dünýäden has çuň we täsirli bolup biler. Sebäbi ak we garanyň arasyndaky müňlerçe öwüşgin (gradasiýa) durmuşyň iň inçe pursatlaryny beýan etmäge ýetýär.
Galamyň ujy — bu dizaýneriň, binagäriň ýa-da suratkeşiň aňyndaky pikiriň dünýä inýän nokatydyr.
Entäk gurulmadyk akylly şäherler we belent binalar ilki bilen galamyň ujunda peýda bolýar. Fantastik dünýäler, mifologik gahrymanlar we adaty bolmadyk jandarlar galamyň kagyza her bir degişinde täze bir ömür alýarlar.
Galam nakgaşyň eliniň we kalbynyň dowamydyr. Galamyň kagyza edýän basyşy suratkeşiň şol pursatdaky ruhy halyny görkezýär:
Ýeňil we dumanly çyzyklar Arzuwçyllygy, näzikligi we pynhany duýgulary aňladýar.
Goýy we kesgin ştrihler: Gahrymançylygy, durnuklylygy we anyk maksady görkezýär.
Galamyň ujundaky dünýä — bu biziň içki dünýämiziň daşary çykan beýanydyr. Ol dünýäde hiç hili çäk ýokdur. Suratkeş galamyny eline alan pursady, ol öz äleminiň patyşasyna öwrülýär. Bu sada gural bize dünýäniň ownuk detallaryna üns bermegi, gözelligi görmegi we ony saklamagy öwredýär.
Ýollyýewa Gülbahar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

RU



