Her bir halkyň medeniýeti onuň ruhy pasportydyr. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý milli mirasy bolsa dünýäniň iň täsirli medeni hazynalarynyň biridir. Bu mirasy diňe bir saklap galmak däl, eýsem ony dünýä halklaryna tanatmakda suratkeşleriň hyzmaty çäksizdir. Olar sözsüz, ýöne hemme kişä düşnükli bolan reňkleriň dili arkaly biziň taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy we ruhy gymmatlyklarymyzy äleme ýaýýarlar.

​Suratkeş kendiriň ýüzünde türkmen sährasynyň giňligini, bedew atlaryň syratyny ýa-da türkmen halysynyň jadyly göllerini şekillendirende, ol dünýä okyjysyna (tomaşaçysyna) biziň halkymyzyň häsiýetini gürrüň berýär. Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde ýygy-ýygydan duş gelýän ak öýler, dutar çalyp oturan ýaşulular ýa-da nepis zergärçilik önümleri — bularyň her biri milli mirasyň aýry-aýry sahypalarydyr. Türkmen nakgaşlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän sergileri dünýä medeniýetiniň wekillerine türkmen dünýägaraýşynyň özboluşlylygyny açyp görkezýär.

​Türkmen şekillendiriş sungatynyň kerwenbaşylary bolan Yzzat Gylyjow, Bäşim Nuraly ýaly ussatlar milli mirasy dünýä derejesine göteren şahsyýetlerdir.Olaryň eserlerinde ulanylan “gyrmyzy” we “sary” reňkleriň sazlaşygy dünýä sungatşynaslary tarapyndan “Türkmen mekdebi” hökmünde ykrar edildi. Türkmen zenanynyň zähmetini, onuň nepisligini we milli buýsanjyny kenebe geçiren bu ussatlar dünýä halklaryna türkmen halkynyň asyllylygyny subut etdiler.

​Suratkeşler biziň maddy mirasymyzy — haly nagyşlaryny, goçakydyr älem nagyşlaryny — öz eserlerine girizmek arkaly olaryň diňe bir bezeg däl, eýsem çuňňur pelsepewi manydygyny dünýä ýetirýärler.Daşary ýurtly tomaşaçy suratdaky nagşa seredip, türkmen halkynyň tebigata, maşgala we Watana bolan garaýşyny duýup bilýär. Ýaş suratkeşler häzirki zaman dizaýnyny milli äheňler bilen utgaşdyryp, milli mirasymyzyň “könelmeýän” we hemişe döwrebap sungatdygyny subut edýärler.

​Suratkeş — bu medeni diplomatdyr. Bir eser dünýäniň haýsy-da bolsa bir muzeýine ýa-da galereýasyna düşende, ol ýerde Türkmenistanyň ruhy baýlygyny tanadyp başlaýar. Bu bolsa halklar arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkitmäge hyzmat edýär.

​Milli mirasymyzy dünýä tanatmakda suratkeşleriň her bir ştrihi, her bir reňk saýlawy uly ähmiýete eýedir. Olar kenebiň ýüzünde biziň geçmişimizi janlandyryp, ony şu gün bilen birleşdirýärler we geljege — bütindünýä medeniýetine miras goýýarlar. Türkmen suratkeşiniň eli — bu halkyň ruhuny dünýä äşgär edýän güýçdür.

Baýramdurdyýewa Gyzylgül

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby