Dünýäni reňksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Günüň altyn öwüşgini, asmanyň mawy çuňlugy, baharyň ýaşyl lybasy — bularyň her biri durmuşyň janlydygynyň we dowam edýändiginiň subutnamasydyr. Sungatda, aýratyn-da nakgaşçylykda, reňkleriň sazlaşygy diňe bir gözellik däl-de, eýsem ömrüň özüniň beýanydyr.

Her bir reňkiň öz psihologiýasy we adamyň ruhuna täsir edişi bardyr. Nakgaş eseriñ öňünde duranda, ol reňkleri saýlamak arkaly durmuşyň dürli pursatlaryny suratlandyrýar.

​Gyzyl we sary-Bular ömrüň joşgunyny, söýgini, güýç-kuwwaty we gün şöhlesini aňladýar. Olar durmuşyň iň işjeň pursatlarynyň reňkidir.

​Mawy we ýaşyl-Bular asudalygyň, täzelenişiň we ruhy durnuklylygyň simwolydyr. Baharda tebigatyň oýanmagy ýaşyl reňkiň üsti bilen täze ömrüň başlanmagyny buşlaýar.

​Ak we dury reňkler- Tämizligiň, aklygyň we geljege bolan umydyň beýanydyr.

Nakgaşçylykda reňkleriň biri-biri bilen utgaşmagy durmuşdaky deňagramlylyga meňzeýär. Gaty goýy reňkleriň ýanynda açyk reňkleriň goýulmagy (kontrast) durmuşyň kynçylyklaryny we ýeňişlerini aňladyp biler. Reňkleriň dogry utgaşdyrylmagy eseri “janlandyrýar”. Meselem, sary reňkiň ýanynda goýulan melewşe reňk biri-biriniň täsirini has-da güýçlendirýär.

​Nakgaş reňkleriň üsti bilen diňe bir şekili däl, eýsem howanyň gyzgynlygyndygy, salkyndygy ýa-da adamyň şol pursatdaky içki ýagdaýyny (şatlyk ýa-da oýçullyk) duýduryp başarýar.Her bir adamyň ömri uly bir kenebe meňzeýär. Biziň eden işlerimiz, duýgularymyz we täze öwrenen bilimlerimiz şol kenebe goşulýan täze reňklerdir. Reňkleriň sazlaşygy näçe baý we manyly bolsa, ömür hem şonça-da täsirli bolýar.

​Türkmen nakgaşçylygynda meşhur bolan “gyrmyzy”, “sary” we “ýaşyl” reňkleriň sazlaşygy biziň milli durmuşymyzyň, sähralarymyzyň we halylarymyzyň ruhy mirasydyr. Bu reňkler biziň taryhymyzyň we şu günümiziň sazlaşygyndan dörän ömürdir.

​”Reňkleriň sazlaşygyndan dörän ömür” diýenimizde, biz sungatyň güýji arkaly durmuşyň gadyryny bilmegi we her bir pursadyň özboluşly “reňkiniň” bardygyny kabul etmegi öwrenýäris. Reňkler dymýan bolsalar-da, olar kalba iň çuňňur täsir edýän, adamy durmuşa aşyk edýän beýik güýçdür.

Karabaýewa Nurana

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby