Şekillendiriş sungatynyň iň gadymy we iň täsirli ugurlarynyň biri bolan grafika, adamzadyň özüni beýan etmek isleginden döredi. Bu ýol gowaklaryň diwarlaryna çekilen ýönekeý çyzyklardan başlap, şu günki simulyasiýa we emeli aň arkaly döredilýän sanly dünýälere çenli uly ösüş geçdi.
Grafikanyň taryhynda gara galam (grafit) iň uly rewolýusiýalaryň biridir. 16-njy asyrda grafitiň tapylmagy bilen, suratkeşler üçin islendik ýerde we islendik wagtda çyzygyň üsti bilen dünýäni beýan etmäge mümkinçilik döredi.Gara galam diňe bir çyzyk däl-de, eýsem kölegäniň we ýagtylygyň (chiaroscuro) sazlaşygydyr.Leonardo da Winçi, Albreht Durer ýaly ussatlar grafika arkaly ylmy we sungaty birleşdirdiler.
Orta asyrlarda we Galkynyş döwründe grafikanyň tehniki ugurlary, ýagny oýma (grawýura) we litografiýa peýda boldy. Bu bolsa sungatyň diňe bir nusga däl-de, köpçülige elýeterli bolmagyna kömek etdi.Suratkeşler öz eserlerini metal ýa-da agaç plastinalaryň üstünde oýup, soňra kagyza çap edip başladylar.Grafikanyň kömegi bilen kitaplar suratlar bilen bezelip, maglumatlaryň täsiri artdyryldy.
20-nji asyryň ikinji ýarymynda kompýuterleriň peýda bolmagy bilen grafikanyň täze eýýamy başlandy.Grafika kagyzyň we galamyň çäginden çykyp, matematik hasaplamalara (wektor) we reňkli nokatlara (raster/piksel) öwrüldi. 1960-njy ýyllarda Ivan Satherlendiň “Sketchpad” programmasy häzirki zaman dizaýn programmalyrynyň (Photoshop, CorelDRAW) başlangyjy boldy.
Şu günki gün grafika diňe bir kagyzdaky çyzgy däl. Ol janly, hereketli we interaktiwdir.
CGI (Computer-Generated Imagery): Kinolarda we wideo oýunlarda hakykatdan tapawutlandyryp bolmajak keşpler döredilýär.
Wirtual Hakykylyk (VR): Grafika arkaly adamlar doly sanly dünýäniň içine girip bilýärler.
Emeli Aň (AI): Häzirki wagtda emeli aň birnäçe sekundyň içinde çylşyrymly grafik eserleri döredip bilýär.
Grafika gara galamdan planşetlere, kagyzyň ýüzünden sanly ekrana göçse-de, onuň esasy düýbi üýtgewsiz galýar: çyzyk, nokat we kompozisiýa. Tehnologiýa suratkeşiň mümkinçiliklerini giňeltse-de, esasy zat ynsanyň döredijilikli garaýşydyr.
”Galam — suratkeşiň eliniň dowamydyr, emma hakyky grafika kalbyňda döreýär.”

RU



