Sungat äleminde köp zatlar sesli we reňkli bolýar, emma grafika dymyp gepleýän sungatdyr. Bu ýerde hiç hili artykmaçlyga ýer ýok: diňe ak kagyz, gara galam we olaryň arasyndaky näzik söhbetdeşlik bar. Bu makalada biz galam bilen kagyzyň nähili dilleşýändigini we şol söhbetden nähili gürrüñleriñ döreýändigini öwreneris.

Kagyzyň aklygy — bu çäksiz giňişlik, galam bolsa şol giňişlige birinji sözi aýtmaga gelen syýahatçydyr. Suratkeş galamyny kagyza degiren pursadynda, olaryň arasynda ilkinji “söz” — nokat döreýär. Soňra bolsa şol nokatlar birleşip, çyzyga öwrülýär.Galam kagyza gaty basylman degende, kagyz öz tämizligini saklaýar we inçejik, asuda çyzyklar emele gelýär. Bu köplenç uzakdaky daglaryň, bulutlaryň ýa-da ýumşak kölegeleriň sesidir.Galam kagyzyň süýümlerine has çuň girip, garaňky we aýdyň yzlary galdyranda, söhbetdeşlik has gyzyşýar. Bu bolsa suratyň esasy sütünlerini, güýçli taraplaryny we aýdyňlygyny görkezýär.

​Galam bilen kagyz diňe bir “gepleşmän”, eýsem “aýdym hem aýdýarlar”. Suratkeşiň ulanýan ştrihleri bu söhbetiň ritmidir. Bir-birine meňzeş çyzyklar tertip-düzümi we yzygiderliligi aňladýar. Bular çylşyrymly maglumatlaryň we gatlaklaryň sesidir. Kagyz bilen galam bu ýerde has çuňňur we manyly dialoga girýärler, netijede bolsa obýektiň hakyky göwrümi (3D effekti) peýda bolýar.

Bu söhbetdeşligiň iň esasy tarapy — ünsdür. Galam kagyzyň her bir künkine üns bermelidir. Kagyz bolsa galamyň her bir titremesini, her bir büdür-südürini özüne siňdirmelidir. Şonuň üçin hem grafika eserlerine seredenimizde, biz şol ünsüň netijesini görýäris: bir damja suwuň ýalpyldysyny, garry adamyň ýüzündäki her bir tebigy yzy ýa-da matanyň ýumşaklygyny.

​Grafika subut edýär: iň gowy söhbetdeşlikler köplenç sesiz we artykmaç reňksiz bolup geçýär. Galam bilen kagyzyň arasyndaky bu ünsli gatnaşyk bize dünýäniň düýp mazmunyny, onuň formasyny we ruhuny görmäge kömek edýär. Reňkler biziň gözümizi güýletse, galam bilen kagyzyň söhbeti bizi oýlandyryp, hakykata tarap çekýär.

Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby Babamyradowa Nurana

Toparyň ýolbaşçysy Allanazarowa Aýjahan