Halkymyzda “Çagaly öý — şagally öý” diýen ajaýyp pähim bar. Dogrudan-da, haýsy bir bosagadan ätleseňiz, eger şol ýerde çaga gülküsi, onuň “ynnan-ynnany” ýaňlanyp duran bolsa, şol öýüň höwüsi-de, berekedi-de başgadyr. Çaga — maşgalanyň şineleýän gülüdir, öýüň egsilmez nurudyr. Onuň şadyýan sesi bolsa durmuşyň iň uly hezilligi — sudurydyr.
Öýe baranyňda seni garşylaýan kiçijik barmaklaryň mähri, “kaka-eje” diýen dury sesi ähli ýadawlygyňy bir pursatda ýuwup gider. Çaga — maşgalanyň yşgydyr. Öýüň nury diýlende, diňe bir lampanyň ýagtysy däl-de, eýsem şol öýde ýaşaýan adamlaryň ýüzündäki ýylgyryş göz öňüne gelýär. Şol ýylgyryşyň we nuryň gözbaşy bolsa çagalardyr.
Ene-ata üçin çagasynyň sagdyn we şat bolmagyndan uly bagt ýokdur. Çaganyň her bir täze öwrenen sözi, her bir täze basan ädimi maşgala ojagyna täze bir nur çaýýar. Bu nur diňe bir jaýyň içini däl, eýsem ynsanlaryň ruhuny hem ýagtylandyrýar.
“Sudur” sözi ruhy şatlygy, lezzeti aňladýar. Durmuşyň hakyky lezzeti mal-mülkde däl-de, eýsem şol mülki miras goýup biljek sagdyn we akylly nesliňde jemlenendir. Çagalaryň sadyýan sesi öýüň diwarlaryny janlandyrýar. Olar biziň durmuşymyzyň mazmunyny üýtgedýärler: biz olar bilen bile täzeden çagalyga dolanýarys, olar bilen bile dünýäniň täsinliklerini täzeden açýarys.
Täze özgerişlikler mekany bolan Diýarymyzda her bir maşgalanyň asuda ýaşamagy, her bir çaganyň öz öýünde we ýurdunda özüni bagtly duýmagy üçin ähli şertler döredilendir. Abadan durmuş diňe asuda asmanyň we bagtly öýleriň dowamynda mümkindir.
Çaganyň sesi diňe bir şatlyk däl, eýsem ol şol öýdäki agzybirligiň hem şahydydyr. Çaga şat bolsa, diýmek, ene-ata agzybirdir. Çaga sesine baý bolan ýerde hemişe rysgal we bereket bar. Sebäbi her bir çaga öz rysgaly bilen gelýär diýen ynam halkymyzyň kalbynda baky orun alandyr.
Häzirki waptda ýurdumyzyň her bir künjeginde bina edilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda hökman çagalar meýdançalarynyň gurulmagy hem tötänden däldir. Bu “öýüň nury” bolan çagalaryň şadyýan sesiniň has belentden ýaňlanmagy üçin edilýän uly aladadyr.
Netijede, çaganyň şadyýan sesi — bu biziň geçmişimiziň dowamy, şu günümiziň bezegi we geljegimiziň kepilidir. Goý, her bir öýüň nury hiç wagt sönmesin, her bir maşgalanyň durmuşy çaga sesi bilen hemişe sururly we şatlykly bolsun!
Watanymyzda çaga gülküsiniň hemişe belentden ýaňlanmagy — biziň iň uly üstünligimizdir.

RU



