19-njy fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Ýyldyrym atly bedewinde gezelenç etdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylyk ulgamy täze ösüşe eýe boldy we onuň gadymy däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak boýunça geçirilýän işler ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we at çapmagyň milli oýunlaryny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Şu giň gerimli işleriň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ajaýyp atçylyk sport toplumlary guruldy, ganatly bedewleriň hem-de olary ýetişdirýän ýurdumyzyň atçylarynyň we seýisleriniň, şeýle hem ussat çapyksuwarlaryň tutuş dünýäde abraýy barha artýar.
Häzir Türkmenistanda behişdi bedewleriň tohumynyň täze ugurlaryny döretmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilýän ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işi alnyp barylýar.
Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa degişli ugurdan hünärmenler taýýarlanylýar.