21-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2015-nji ýylyň iýun aýynda düýbi tutulan Lebap welaýatynyň baş metjidiniň meýdany 5 gektara deň. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan aý goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar. Metjidiň iki gatly binasynda 3 müň adama namaz okamaga şert bar.
Birinji gatyň meýdany 3 müň 444 inedördül metre, zenanlar üçin niýetlenen ikinji gatyň meýdany 1 müň 609 inedördül metre barabardyr. Baş binany gurmakda we timarlamakda döwrebap bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamlary ulanyldy.
Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Şeýle hem 390 awtoulaga niýetlenen awtoduralga göz öňünde tutuldy. Toplumyň ähli desgalary durmuş üpjünçiliginiň zerur ulgamlary — salkynladyş, ýyladyş, suw we energiýa üpjünçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.
Belläp geçsek, şular ýaly kaşaň metjitlerden diňe soňky ýyllarda — 2009-njy ýylda açylan Mary welaýatynyň baş metjidi, 2015-nji ýylda açylan Daşoguz welaýatynyň baş metjidi, 2018-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda açylan metjit we beýleki obadyr-şäherlerimizdäki metjitleri agzamak bolar.