24-25-nji fewralda Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatynyň ikinji gününiň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ýene-de iki sany sessiýa işjeň ýagdaýda geçirildi.

Öz çykyşlarynda «Тürkmengaz» DK-niň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we NaPeCo kompaniýasynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly maýadarlar bilen türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze çözgütlerini teklip etdiler. Türkmenistanda bar bolan iş tejribesi, geljek üçin durmuşa geçirilýän taslamalar we meýilnamalar Yug-Neftegaz, Schlumberger Logelco Inc, «Tatneft» ýaly we beýleki kompaniýalar tarapyndan görkezildi.

Maslahatyň jemlerini jemlemek bilen Ý.Kakaýew bellige almagyň netijeleri boýunça maslahata 113 sany kompaniýadan 300-den gowrak wekilleriniň gatnaşandygyny mälim etdi, bu kompaniýalara çärä gatnaşmak boýunça bildiren gyzyklanmalary, moderatorlara sessiýalary alyp barandyklary, spikerleri maglumat bilen doly çykyşlary we peýdaly maglumatlary beýan edendikleri, guramaçylara bolsa forumyň ýokary derejede geçirilendigi üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.