Daniýada meşhur LEGO-adam şekiljikleriniň awtory Ýens Nigard Knudsen (Jens Nygaard Knudsen) 78 ýaşynda aradan çykdy.
Ýens Nigard Knudsen 1942-nji ýylda doglup, 1968-nji ýyldan 2000-nji ýyla çenli, ýagny 30 ýyldan hem köp wagtlap giňden ýaýran oýnawaçlary we konstruktorlary öndürýän Lego Group kompaniýasynyň dizaýneri bolup işledi. Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda eýýäm adygyp ugran işjeň elli-aýakly adam şekiljiklerini döretmegi başarypdy.
Ýensiň haýran galaýmaly fantaziýasy bardy. Onuň ideýalary şeýle bir köpdi welin, eger biziň hyýallarymyzy tüweleýe deňäp bolýan bolsady, onda onuň hyýallaryna, gürrüňsiz, harasat diýmeli bolardy – diýip, onuň öňki kärdeşi Nils Pedersen aýdýar.
Habar berilmegine görä, Knudsen Daniýanyň günbataryndaky hospisde nerw ulgamynyň bejerip bolmaýan keseli - ýanbaş amiotrifiki sklerozy sebäpli aradan çykypdyr.
Ýeri gelende bellesek, meşhur britan astrofizigi Stiwen Hoking hem 22 ýaşyndan başlap şu keselden ejir çekipdi. Stiwen Hoking bu kesel bilen 54 ýyl göreşip, 2018-nji ýylda 76 ýaşynda aradan çykdy.

RU












