Brazil ýazyjysy Paolo Koelio Kobi Braýant bilen üstünde işläp ýören çagalar kitabynyň garalamasyny ýok etdi. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär.

“Sen diňe bir beýik basketbolçy däldiň, sen ondanam has beýikdiň, gadyrdan Kobi Braýant. Seň bilen işleşip, men köp zat bildim. Ýöne edil şu wagt men kitaby ýok edýän. Çünki ol indi öz manysyny ýitirdi” diýýär ýazyjy.

Şeýle-de, ol NBA-nyň bäş gezek çempiony hem-de iki gezek olimpiýadanyň medalçysy bolan merhum basketbolçynyň 2019-njy ýylyň awgustynda  täze bir taslamanyň üstünde bile işlemegi teklip edendigi ýatlaýar.

Koelionyň aýtmagyna görä, Kobi Braýant bu kitabyň maýyp çagalara sportuň kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýändigini görkezmegini isläpdir.

Mälim bolşy ýaly, meşhur sportçy “Alhimik” romanynyň janköýeridi.