Koronawirus Angliýanyň Premýer ligasyna-da öz täsirini ýetirýär. Angliýanyň «Tottenhem» toparynyň günorta koreýaly hüjümçisi Son Hyn Min öz ýurdundan gaýdyp gelende karantine alyndy. Häzirki wagtda ol toparyň lukmanlary tarapyndan barlagdan geçirilýär.

Hüjümçi eliniň döwülmegi zerarly, öz ýurduna operasiýa bolmak üçin gidipdi. Operasiýany üstünlikli geçirip, gaýdyp gelende bolsa, «Tottenhem» futbol topary ätiýaçlyk maksady bilen, saglyk ýagdaýyny doly seljermeli diýen karara geldi.

Toparyň portugaliýaly tälimçisi Jose Mourinýo operasiýanyň gowy geçendigini we hüjümçiniň garaşylan wagtdan tiz meýdança dolanjakdygyny aýdyp, saglyk barlagyndan geçmegiň möhümdigini hem belläp geçdi. Çünki, Günorta Koreýada koronawirusa 3 müňe golaý adam uçrap, 17 adam dünýesini täzeledi.

Liganyň häzirki wagtdaky lideri «Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýürgen Klop bu hadysa barada öz pikirini aýtdy: “Bu ýokanç kesele garşy çynlakaý çemeleşýäris, ýöne howsala düşemzok. Koronawirusy futbol bilen dahylly mesele däl, bu bütin dünýäni aýaga galdyran saglyk meselesidir. Şonuň üçin ýagdaýa umumy göz bilen seredýäris».

Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň 10-njy sentýabrynda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň D toparçasynda Türkmenistan – Günorta Koreýa oýnunda, Son Hyn Min Aşgabadyň Köpetdag stadionyna gadam basypdy.

«Newashgabat».